Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy, ynsanperwer ýörelgeleri ösdürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň asylly ýörelgesini, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny dünýä ýaýmak asylly maksadymyzdyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk dünýäde ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň möhüm ugry hökmünde kabul edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ähmiýetini aýdyň beýan edýär.
Şu şöhratly ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanýar. Munuň özi her bir ynsanyň kalbyny joşa getirýär, eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Sebäbi bu şanly sene ýurdumyzyň beýik ösüşleridir, halkymyzyň bagtdan paýly serpaýydyr. Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde, ildeşlerimiziň parahat durmuşynda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň uly orny bar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan şu ýylynyň beýik ösüşlere beslenýändigini belläsimiz gelýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty äleme dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň özi Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyndan gelip çykýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýäde ykrar edilmegidir. Çünki ýurdumyz umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar, parahatçylygyň we abadançylygyň ýörelgelerine eýerýär. Bu asylly ýörelgeleriň esasynda dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynda hem ähli ugurlar boýunça deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu günki gün ýurdumyz halkara derejesinde maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza » milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdigi hem şanly wakadan habar berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň köpugurly guraly bolup hyzmat edýändigini bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär.
Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda ägirt uly başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.