Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ykdysady, durnukly ösüşi gazanmakda ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek wezipeleri öňe çykýar. Ösüş düşünjesiniň diňe bir innowasion özgertmeler bilen çäklenmeýändigi mälim ýagdaý. Ösüş düşünjesi tutuş taryhyň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmeýändigini subut eden ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, durmuş institutlaryň döwrebap äheňde dowam etmegini hem öz içine alýar. Ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklar, milli döwletlilik ýörelgeleriniň we maşgala däp-dessurlarynyň dowamatlylygy öz gymmatlygyny ýitirmeýän ösüşleriň esasyny düzýän binýady bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen zenanlara hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelerimiz täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Şular barada gürrüň edilende, 2022-nji ýylyň maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe halyçylary bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň käbesi, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy Garaşsyzlyk ýyllarymyzda kemala gelen asylly ýörelgelerimizi dabaralandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini döwletiň baş gymmatlygy hökmünde adam, onuň eşretli ýaşaýşy baradaky durmuşa ornaşdyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi, goralmagy babatynda döwrebap kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde maşgalada är-aýal, nika, emläk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylyşyna, çaganyň erkin ösüşine, terbiýelenişine, sosial goraglylygyna zerur ýaşaýyş şertleriň doly döredilendigini görüp bilýäris.
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleri, ýagny olar wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly, çaga üç ýaşaýança seretmek boýunça döwlet kömek puly, maýyplyk boýunça döwlet kömek puly we beýleki döwlet durmuş kömek puly tölenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanda pensiýalaryň tölegleri üçin ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, maýyplyk boýunça pensiýa, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, toplaýyş pensiýasy ýaly görnüşlerde bellenilýär. Kömege mätäç adamlara, raýatlaryň kesgitlenen toparlaryna Türkmenistanda ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukugy bellenilýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlaryň hersine Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, birwagtlaýyn pul baýragy berilýär. Şeýle hem şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, çaga seretmek boýunça her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullary tölenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere: diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), hormatly ada mynasyp bolan enelere we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna, ene ölen ýagdaýynda, onuň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä, suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýändigi hakynda durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.
Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn nesli kemala getirmegi hem-de maşgala gymmatlyklaryny sarpalamagy döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.