Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen halkymyz müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhynyň dowamynda parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy baş ýörelgeler hökmünde öňe sürüp, Ýer ýüzüniň halklarynyň bagtyýar durmuşynyň rowaçlanmagy üçin tagalla baryny edipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrýan eserdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
pederlerimiziň bu ynsanperwer ýörelgelerini üstünliklere besläp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitabynda Oguz han
atamyzyň parahatçylygy ündeýän pähim-paýhaslarynyň aýratyn
nygtalýandygyny bellemek gerek. Kitapda ösüşlere beslenýän
zamanamyzda ýurdumyzyň ynanyşmak, jebisleşmek arkaly dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmakda nusgalyk döwlete öwrülendiginiň nygtalmagy hem buýsandyryjydyr.
Bitaraplygyň geçmişi, şu güni we geljegi birikdirýän altyn
köprüdigine, halklary agzybirlige, dost-doganlyga, parahatçylyga,
ynanyşmaga çagyrýan bu köpriniň mizemezligini gazanmakda
döwletimiziň durmuşa geçirýän işleriniň bimöçberdigine kitaby
okanyňda magat göz ýetirmek bolýar. «Hemişelik bitaraplyk –munuň özi bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin uly mümkinçilige eýedir. Gelip çykyşy
boýunça «ykrar edilen», görnüşi boýunça «hemişelik», manysy boýunça «oňyn» häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygy bolsa dünýäde iň ýokary wekilçilikli halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen, taryhy Kararnama bilen berkidilen halkara hukuk ýagdaýydyr. Ol öz gözbaşynda türkmen halkynyň
müňýyllyklaryň dowamynda baýdak edinen parahatçylyk söýüjilik,
birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ýörelgelerini saklaýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda belleýär. Elbetde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň düýp many-mazmunyny, dünýädäki ähmiýetini, ornuny şundan anyk, şundan çeper görnüşde, şundan ýokary ussatlyk
derejesinde açyp görkezmek mümkin däldir. Bu kitabyň gymmatlylygy hem, şol ajaýyp hakykatda jemlenendir.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.