​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.03.2026

ÝYLYŇ ŞYGARY TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2026­-njy ýyl halkymyza sagdynlygy serpaý etjekdigine, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitjekdigine, eziz Diýarymyzyň tebigy gözelliginiň, binagärlik keşbiniň has­-da artjakdygyna, dünýä döwletleri, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanjakdygyna, kalby ýagşy arzuwlardan doly ýaşlarymyzyň halkara ders we sport bäsleşiklerinde öňdäki orunlary gazanyp, ýaşyl Tugumyzy has-da belentde parlatjakdygyna ynam döredýär.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek şanly senelere ýylyň başyndan taýýarlygyň görülmegi biziň her birimizi guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde ýylymyzyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň halk atşynasy Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milliliklerini goramakda, olary nesilden nesle geçirmekde ýaşlarymyza nusgalyk mekdepdir.

 «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we olara ideg etmek, atlar üçin ot-iým öndürmek, atlary öri meýdanlarda bakmak hem köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak, atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi, atçylyk babatda weterinariýa işi, at çapyşyklaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak, atly syýahatçylygy guramak, atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek, eminler toparynyň işi, atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işleri atçylyk işiniň görnüşleri hökmünde kesgitlenýär. Bu işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi mähriban halkymyzy has-da guwandyrýar. Eziz Diýarymyzda hünärine yhlasly seýisleriň, atşynaslaryň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirilýär. Halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän, türkmeniň toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen bedewleri ýetişdirýän atşynaslary, seýisleri sylaglamak maksady bilen, 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň halk atşynasy», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlaryň döredilmegi türkmen halkynyň bu ajaýyp milliligini dowam etdirmekde özleriniň goşandyny goşýan adamlara hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy. 

Ata-babalarymyz ýylky ýylyny adamlary öňe ymtylmaga, öz öňünde täze maksatlary goýup, olary üstünlikli amala aşyrmaga ruhlandyrýan döwür hasaplapdyrlar. Bedew — ýyndamlygyň, gözelligiň, hereketiň, zähmetsöýerligiň we wepalylygyň nyşany, täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşyň, sagdynlygyň alamaty. Bu ýyly ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, jemgyýetçilik durmuşynda hem-­de ruhy­-ahlak ýörelgelerinde mähriban halkymyzyň işjeňliginiň artmagy bilen häsiýetlendirmek bolar. 

Goý, 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda agzybir halkymyza täze-täze üstünlikler ýar bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy