Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň netijesinde barha rowaçlanýar. Ähli ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda adam hakdaky aladalar öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, jemgyýetde sazlaşykly we durnukly ýagdaýyň emele gelmegi gazanylýar. Özleri hakdaky yzygider aladalara mynasyp iş bilen jogap berýän agzybir halkymyz her bir tutumyň netijeli bolmagy ugrunda işjeňlik görkezip, oňa mynasyp goşantlaryny goşýar. Bu işlerde ýurdumyzyň mähriban zenanlarynyň hem tagallalarynyň uludygyny aýratyn belläp geçmek ýerliklidir.
Zenanlar diňe bir maşgala ojagynyň eýesi bolman, eýsem, olar nesil terbiýeleýjiler hökmünde hem arzylydyrlar. Ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ilhalar, arassa ahlakly, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen bir hatarda, olar jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeň orun eýeleýärler. Dürli pudaklarda yhlasly hem önjeýli zähmet çekmek bilen, göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Zenanlaryň döwrümizi beýgeltmekdäki mynasyp goşantlary döwlet tarapyndan hem uly üns merkezinde saklanýar. Olar üçin döredilýän giň şertler we mümkinçilikler, durmuş ýeňillikleri zenanlaryň ornuny has-da pugtalandyrýar we halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatly ýörelgeleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrülýär.
Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler hem olaryň durmuşyna nuranalyk eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň berýän maslahatlaryndan we öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen kanunlarda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zenanlaryň durmuş abadançylygyny pugtalandyrýan kadalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksi, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň, deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary maşgala gatnaşyklaryny goramagyň, her bir maşgalanyň binýadyny pugtalandyrmagyň, zenanlaryň durmuş işjeňligini artdyrmagyň kadalaryny özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmekde, ösüp barýan ýaş nesle nusgalyk görelde görkezmekde bitirýän hyzmatlary, köp ýyllyk iş tejribesi göz öňünde tutulyp, mährem eneleriň köp sanlysynyň her ýyl «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, zähmetde tapawutlanan zenanlaryň uly toparyna döwlet sylaglarynyň, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelere çenli pul sylaglarynyň gowşurylmagy zenanlaryň döwlet durmuşyndaky çuňňur ornunyň uly hormat bilen sarpalanýandygyny, mertebeleriniň belende göterilýändigini doly açyp görkezýär.
Bu sazlaşyk mähriban zenanlaryň döwre gatnaşygyny has-da pugtalandyrýar, olary yhlasy hem tutanýerli zähmetleri bilen her bir ajaýyp tutuma mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar.
Enejan AMANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.