Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysallarynyň biridir. Şanly ýylyň taryhy wakasyna şaýat bolan watandaşlarymyz halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen şeýle beýik işlere bolan buýsanjyny hem-de hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler.
Amangeldi HEZZIÝEW,
Lebap welaýat häkimliginiň
baş hünärmeni, Mejlisiň deputaty:
— Berkarar döwletimiziň täze ösüş tapgyrynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şol beýik ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýoluň bu möhüm böleginiň ulanmaga berilmegi diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ykdysady, söwda we durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Bu ýol ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga, sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi il bähbitli işleriň beýik nusgasydyr.
Şäherimizi merjen paýtagtymyz bilen birleşdirýän bu ýol diňe bir iki şäheri däl-de, ýürekleri hem ýakynlaşdyrdy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza şeýle taryhy gurluşygyň amala aşyrylmagyna beren goldawy üçin tüýs ýüregimizden hoşallyk bildirýäris.