Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistan durnukly ösüşiň, sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki sport diplomatiýasynyň, parahatçylyk söýüji başlangyçlarynyň we ekologiýa ýörelgeleriniň nobatdaky belent dabaralanmasy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýramçylyk ýurdumyzda aýratyn şatlyk, dabaraly ýörişler we ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär.
Welosiped diňe bir ulag serişdesi ýa-da sport guraly bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologik arassalygyň ajaýyp nyşanydyr. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde ekologik meselelere, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle şertlerde welosiped iň elýeterli, tygşytly we daşky gurşawa düýbünden zyýansyz ulag serişdesi hökmünde öňe çykýar. Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler ekologik medeniýeti kemala getirmekde, şäherlerimiziň howasynyň arassa saklanmagynda uly ähmiýete eýedir. Welosiped sürmegiň ekologiýa peýdasy atmosfera zyýanly gazlaryň bölünip çykmagynyň öňi alynýar, ykdysady taýdan tygşytlylygy, ýangyç we goşmaça harajatlary talap etmeýär. Şonuň ýaly-da, welosiped sürmek şaýollaryň ugrunda awtoulag dyknyşyklarynyň azalmagyna ýardam berýär.
Gündelik durmuşymyzda welosiped sürmek arkaly saglygymyzy berkidýäris. Lukmanlaryň bellemegine görä, yzygiderli welosiped sürmek adamyň ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar, gan aýlanyşygyny işjeňleşdirýär, nerw ulgamynyň dynç almagyny üpjün edýär.
Welosiped sporty adamyň fiziki taýdan kämilleşmegine, erkiň we durnuklylygyň terbiýelenmegine hem uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň her bir künjeginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport toplumlary, welosiped ýollary Gahryman Ark adagymyz yň we Ark adagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygy baradaky çäksiz aladalarynyň anyk miwesidir.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem köpçülikleýin ýörişler guralýar. Bu ýörişlere dürli kärdäki ildeşlerimiziň, ýaşlaryň gatnaşmagy halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, sagdyndurmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär.
Halkymyzy ak ýollardan diňe öňe gadam urmaga ruhlandyrýan, sportuň we sagdyn durmuşyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.