​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.11.2023

DÖWLETIMIZIŇ BERK BINÝADYNYŇ KEPILI

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylygymyz barha kämilleşdirilýär. Ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanyp, milli demokratiýamyzy has hem dabaralandyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak kabul edilýän kanunlarda esasy maksat bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde berýän goldawlary we gymmatly maslahatlary ýol görkeziji çelgi bolup durýar. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýanyň kadalaryndan, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, şeýle hem degişli edaralardan gelen teklipler seljerilip, Mejlisiň bu maslahatynda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we başgada hereket edýän birnäçe kanunlary kämilleşdirmek bilen bagly, şeýle-de birnäçe halkara konwensiýalaryna, halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seredildi we kabul edildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamyň bähbitlerini ileri tutmak arkaly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak hem-de bu ugurda uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik edaralarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, saglygy dikeldiş babatda kömek bermekde meýletinçilik hereketleri ösdürmekde uly goşant goşan raýatlaryň sylaglanýandygy kanunyň maddalarynda berkidilendir. Bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolanlara medalyň şahadatnamasynyň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgadyň hem dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygy bellenilýär. 

«Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, adamyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goraglylygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň ilatynyň asuda, bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder. Watanymyzy röwşen geljege tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

 Enejan AMANÝAZOWA, 

Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty