Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly, rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurdaky döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär, kämil kanunçylyk binýady döredilip, degişli wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça işler sazlaşykly alnyp barlyp, bu babatda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde, ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilmegi-de döwletimiziň degişli ugurdaky ählumumy tagallalara işjeň goşulyşýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine çekip, anyk başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýa üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak, howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek, «Hazar ekologik başlangyjynyň» esasyny goýmak ýaly başlangyçlar bar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşynda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi. Şuňa laýyklykda, biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirýär.
Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy baradaky hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýada tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip kepillendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň, onuň saglygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň baş girewi bolan daşky gurşawyň arassalygyna, ekologik abadançylyga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýerine ýetiriji edaralary we beýleki abraýly halkara guramalar bilen daşky gurşawy goramak ugrunda hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribesi bar. Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Senagat taýdan ösüş boýunça guramasy, Azyk we oba hojalygy guramasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi hem-de beýleki halkara düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejesinde ekologiýa degişli maksatnamalaryň hem-de strategik taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda Gazagystanda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hemde Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşyp, türkmen döwletiniň bu ugurdaky möhüm başlangyçlaryna ýene bir gezek ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesinde-de Türkmenistanyň resmi garaýşy aýdyň hem-de açykdyr. Şunda Türkmenistan suw meseleleri boýunça esasy halkara konwensiýalaryň we beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi; serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy; halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işe giňden gatnaşmagy ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç sany esasy ýörelgäniň esasynda çözülmeginiň yzygiderli tarapdary bolup çykyş edýär. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu geňeş suw üpjünçiligi ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ekologiýa diplomatiýasynyň strategik ugurlary barada aýdylanda, şu ýylyň 9-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş edip, anyk taryhy başlangyçlary öňe sürendigini hem bellemek gerek. Bu çykyşda energetika ulgamynyň durnuklylygyny gazanmagyň we howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň özara aýrylmaz baglanyşyklydygy beýan edildi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan köptaraply ekologik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen birlikde, sebitde we dünýäde ekologiýa taýdan arassa, döwrebap «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler hem aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň bu ugurdaky kanunçylygy daşky gurşawy hapalanmakdan goramaga, gaýtalanmajak özboluşly biologik dürlüligi we biosferany gorap saklamaga, ýurduň ýer, suw serişdelerini we beýleki tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Howanyň tämizligini, arassalygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň tebigat gözelliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ekologik-medeni çäre hökmünde döwlet derejesinde geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda degişli Karara gol çekmegi bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy-da bu ugurda alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Agzalan resminamanyň kabul edilmegi «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegini hem nazarlaýar.
Mahlasy, Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer, döwletli ýörelgeleri, taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan tebigaty goramak syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň baý maddy we tebigy serişdelerini geljekki nesiller üçin aýawly saklamakdan, olary ylmy esasda rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawyň ekologik deňagramlylygyny durnukly üpjün etmekden, howanyň hapalanmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.