Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Diplomatiýa halkara gatnaşyklarynda ýüze çykýan meseleleri taraplaryň özara düşünişmegi, ylalaşmagy we belli bir oňyn karara gelinmegi bilen netijeli çözgüdiň çykarylmagyna şert döredýär. Amerikan alymlary J.Wuduň we Ž.Serreniň garaýyşlary bilen aýtsak, «Diplomatiýa halkara gatnaşyklarynda döreýän özara düşünişmezlikleriň parahatçylykly serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözüliş sungatydyr. Şeýle hem diplomatiýa belli bir düzgünlere hem-de däp-dessurlara daýanylyp, halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly bolmagyna täsir edýär». Ekologiýa diplomatiýasy hem döwletleriň we daşky gurşawy goramak babatda iş alyp barýan halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlykdyr. Geçen asyryň ikinji ýarymynda ekologiýa babatda halkara guramalaryň döremegi, olaryň çäginde ýörite düzümleriň bolmagy we bu ugurda birnäçe konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň baglaşylmagy netijesinde dünýäde ekologiýa diplomatiýasynda möhüm ädim adildi.
Ýurdumyz häzirki wagtda daşky gurşawy goramak bilen bagly birnäçe halkara guramalaryň agzasy bolmak bilen birlikde, onlarça konwensiýalardyr ylalaşyklara gatnaşyjy tarap bolup durýar. Hut şunuň esasynda Türkmenistan halkara ylalaşyklaryň talaplaryna ygrarly ýurt hökmünde kesgitlenen wezipeleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýokary halkara abraýa mynasyp boldy.
Ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegi, dünýä ilatynyň köpelmegi, daşky gurşawa antropogen (adamyň hojalyk işleriniň) täsirleriň artmagy adamzadyň öňünde daşky gurşawy goramak meselesini goýdy. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň artmagy bilen janly tebigatyň florasynyň (ösümlik dünýäsiniň) we faunasynyň (haýwanat dünýäsiniň) ýaşaýşyna ýaramaz täsir etmegi adamzady ekologiýa diplomatiýasynda netijeli hyzmatdaşlyga getirdi.
Türkmenistan hem bu ählumumy meselelerden daşda durman, adamzat üçin aýratyn gymmatlygy bar diýlip hasap edilýän tutuş dünýä boýunça medeni we tebigy mirasy ýüze çykarmak we goramak üçin 1972-nji ýylda kabul edilen Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak barada konwensiýa 1992-nji ýylda gol çekmek bilen, 1994-nji ýylyň 26-njy martynda ykrar etdi. Ol medeni we tebigy mirasy gorap saklamak babatda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga gönükdirilendir. Medeni we tebigy mirasyň obýektleri Bütindünýä mirasyň sanawyna goşulandan soň halkara jemgyýetçiliginiň umumy aladasyna we goramak borçnamasyna öwrülýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Konwensiýa gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan medeniýetiň we tebigatyň gaýtalanmajak ýadygärliklerini hertaraplaýyn öwrenmeklige we gaýtadan dikeltmeklige gönükdirilen dürli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hereketleri Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak barada konwensiýanyň we ÝUNESKO-nyň «Adam we biosfera» maksatnamasynyň ýörelgelerine esaslanýar. Maksatnamanyň çäklerinde döredilen Bütindünýä biosfera goraghanalarynyň ulgamy ekologik deňagramlylyk üçin zerur bolan biodürlüligiň ýitgilerini pes derejä getirmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we durmuş, ykdysady we medeni şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Gazagystan hem-de Özbegistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň «Gaplaňgyr», «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKOnyň Bütindünýä mirasynyň düzümine girendigi buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna diňe bir taryhymedeni däl-de, eýsem, ýurduň gaýtalanmajak tebigy obýektlerini hem goşmak barada teklipleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler diňe bir tebigaty goramak nukdaýnazardan gymmatly bolman, eýsem bu günki gün Merkezi Aziýa sebiti üçin esasy ugurlaryň biri bolan ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan hem wajypdyr. Bu gurama bilen hyzmatdaşlykda Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klubynyň döredilmegi hem hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işleriň geriminiň giňdiginden habar berýär.
Ýokarda agzalan halkara ylalaşykdan soňra ýurdumyz ozon dargadyjy maddalaryň öndürilişine we peýdalanylyşyna gözegçilik etmekden hem-de olardan peýdalanmakdan kem-kemden ýüz öwürmek arkaly ozon gatlagynyň dargamagynyň netijelerinden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramaga ýardam etmek maksady bilen, 1985-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Ozon gatlagyny goramak hakynda Wena konwensiýasyna 1993-nji ýylyň 3-nji awgustynda goşuldy. Soňra bu konwensiýa ozon dargadyjy maddalary (freonlary) önümçilikden we peýdalanmakdan çykarmagyň jikme-jik tertipnamasy, şeýle hem ozon dargadyjy maddalaryň öndürilişine, eksportyna we importyna gözegçilik boýunça çäreleriň goşulmagy bilen, Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar hakynda Monreal teswirnamasy kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyz 1993-nji ýylyň 3-nji awgustynda bu halkara ylalaşygy ykrar etdi. Wagtyň geçmegi bilen, Monreal teswirnamasynyň Taraplary Teswirnamanyň goşundylarynda sanalýan düzgünleşdirilen maddalaryň öndürilişini we peýdalanylyşyny azaltmak boýunça käbir düzedişler girizip, dürli ýyllarda, has dogrusy, London düzedişini (1990ý.), Kopengagen düzedişini (1992ý.), Monreal düzedişini (1997ý.), Pekin düzedişini (1999ý.) we Kigali düzedişini (2016ý.) kabul etdi. Ozon gatlagyny goramak boýunça çäreleriň arasynda möhüm orny eýeleýän Teswirnamanyň Kigali düzedişi güýçli ýyladyşhana gazy – gidroftoruglerodlary (GFU) düzgünleşdirýän we kem-kemden dolanyşda azaldyljak maddalaryň sanawyna goşýar. Düzediş taraplary 2040-njy ýylyň ahyryna çenli GFU-ny peýdalanmagy kem-kemden 8085 göterim azaltmaga borçlandyrýar. Ýurdumyz hem sanalan düzedişleri ykrar etmek bilen, adamzat üçin aýgytly işlerde möhüm tagallalary durmuşa ornaşdyrýar.
1992-nji ýylyň 9-njy maýynda kabul edilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasy atmosferada zyňyndy gazlaryň toplanmagynyň howa ulgamyna howply antropogen täsirleriniň döremegine getirmejek derejesinden üýtgetmän saklamakdyr. Türkmenistan hem bu möhüm konwensiýany 1995-nji ykrar etmek bilen, halkara resminamanyň kadalaryny milli kanunçylyga, döwlet maksatnamalaryna, şeýle hem daşky gurşawy goramak syýasatyna işjeň ornaşdyrýar.
Howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we klimaty maliýeleşdirmek meselelerini düzgünleşdirýän, zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we uýgunlaşmagyň milli maksatlaryny taýýarlamaklygyň zerurlygyny göz öňünde tutýan BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň Pariž ylalaşygy 2015-nji ýylda kabul edilip, Türkmenistan 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda ilkinjileriň hatarynda goşuldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji maýyndaky karary bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy kabul edildi. Milli strategiýa howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin ilatyň saglygyny, oba we suw hojalyklaryny, Hazar deňziniň kenarýaka zolagyny, tebigy ekoulgamlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini, toprak we ýer serişdelerini öz içine alýan esasy pudaklary kesgitleýär. 2019-njy ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary göz öňünde tutýan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Onuň esasy maksady, ilkinji nobatda, durmuşykdysady we ekologik düzüjileri hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň ähli esasy ugurlary bilen baglylykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşma çärelerini göz öňünde tutmak bilen, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekdir. Konwensiýada göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, 2000-nji ýylda birinji, 2010-njy ýylda ikinji, 2015-nji ýylda bolsa üçünji Milli habarnamalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda dördünji Milli habarnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Geçen ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda ýyladyşhana gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokarydygyny tassyklaýar. 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara forumda hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmak we ony abadanlygy bilen geljekki nesillere miras galdyrmak babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän nusgalyk işler babatda giňişleýin durup geçdi hem-de «2024nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr» diýip belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden taryhy çykyşynda: «Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer» diýmek bilen, Türkmenistanyň hem Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.
Daşky gurşawy goramak bilen baglylykda ýokarda getirilen halkara ylalaşyklar bilen birlikde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Suw guşlarynyň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasyna (Ramsar Konwensiýasy), Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýasyna, Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýanyň Kartahena Teswirnamasyna, Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna, Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasyna, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Konwensiýasyna (Bazel Konwensiýasy), Habara elýeterlik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlilige elýeterlik hakyndaky konwensiýasyna (Orhus konwensiýasy), Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna (Bonn Konwensiýasy), AfrikaÝewraziýa göçýän suw guşlaryny gorap saklamak baradaky ylalaşygyna, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna, Ýabany haýwanlaryň ýitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy boýunça konwensiýasyna gatnaşyjy tarap bolmak bilen, şeýle möhüm halkara resminamalardan gelip çykýan wezipeleridir borçlar iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Görşümiz ýaly, ekologiýa diplomatiýasynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmelerdir halkara hyzmatdaşlygy diýseň buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli ýoly hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdiril ýär. Goý, şeýle asylly başlangyçlar dowamat-dowam bolsun!
Orazgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.