Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Saýat etrabynda hem öňde duran galla oragyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Şu ýyl etrabymyz boýunça 16 müň 155 gektar ýerden 46 müň 400 tonnadan geçirip bugdaý almak meýilleşdirilýär. Şunça ýeriň 4 müň 800 gektarynda tohumlyk bugdaý ýetişdirilýär. Öňde duran möwsümde etrabymyz boýunça kuwwatly kombaýnlaryň 35-si bilen galla oragy geçiriler. Şolaryň 14-si tohumlyk hasylyň oragyna gatnaşar. Şeýle hem etrapda galla daşaýjy ýük ulaglarynyň 58-sinden, traktor tirkegleriniň 62-sinden peýdalanmak meýilleşdirilýär. Umuman, orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Etrabyň zähmetkeşleri gallaly atyzlardan göwün diýen hasylyny alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen barmagy meýilleşdirýärler.
Ogulnur HAÝYDOWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň
Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki
agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.