Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. Ol öz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň gujagynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtly ömür sürýär. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna şu ýyl 32 ýyl doldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň giňden bellenilen günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi bolsa, ata-babalarymyzyň “Bagtly ile toýlar goşa-goşadan gelýär” diýen aýtgysyndan habar berýär.
Halk Maslahatynyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň demokratik nusgasynyň başlangyçlary ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak tejribesinde öz beýanyny tapypdyr. Bular dogrusynda taryhy çeşmelerde birnäçe maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir uly ähmiýetli meseläni il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda “Oguznamalarda” aýdylýan bolsa, “Gorkut ata” eposynda Watany goramak, döwlet gurmak, her bir umumy halk meselesi demokratik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak arkaly çözülipdir. Bu günki günde bolsa, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Şu babatda, halkymyzda “Geňeşli toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” ýaly nakyllardyr pähimler bar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçirildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edildi. Taryhy maslahatda öz halkyna geňeşli türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynda: “Men Watanymyzyň güýç- kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!” diýip nygtamagy ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa, ähli raýatlarymyz bilen bir hatarda türkmen ýaşlarynyň belent başyny has hem göge ýetirdi.
Şu ajaýyp pursatda, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly öwüt-ündewlerini her amalda ýörelge edinýän biz — ýaşlar hem, ata Watanymyza wepaly nesil bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynamyna mynasyp jogap bermegi özümize mukaddes borç hasaplaýarys. Sebäbi, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr.
Goý, berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksat JANMYRADOW.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty