​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.08.2026

SANLY YKDYSADYÝETIŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy önümçilikde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde wagty tygşytlamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmäge, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Innowasion tehnologiýalara düşünýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ähli pudaklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat giňişligini döretmek bilen bagly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar ähli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar, aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär we internetiň elýeterliligi üpjün edilýär. Programmatehniki, maglumat serişdeleri dürli döwlet edaralarynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, bank ulgamlarynda senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döreýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp ýurdumyzyň geljekki döwür üçin ösüş strategiýasy elektron senagatyny ösdürmek, milli sanly platformalaryň esasynda sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipelerini öňe sürýär. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak bilen birlikde, bu ulgamda kanunçylyk binýady berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» we «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň hukuk düzgünleşdirilişiniň binýadydyr. Sanly ulgama geçilmegi adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen, has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly ulgam gerek bolan maglumatlary gysga wagtda toplama ga, degişli işleri ýerine ýetirmäge, olary seljermäge, geljekki wezipeleri aýdyň kesgitlemäge we maksatnamalary taýýarlamaga, olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak işi döwlet maksatnamalarynyň esasynda giňden durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezýär. Bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, internetiň sazlaşygyna esaslanýan, şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýän bitewi sanly ulgam hereket edýär. Okuw mekdeplerinde sanly usullar bilen okatmagyň ornaşdyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Arkadag şäherinde ýokary tehnologiýalara daýanýan ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan 5G ulgamyny ornaşdyrmak diňe bir şäher üçin möhüm ädim bolman, eýsem, bu tehnologiýany tutuş ýurt boýunça ýaýratmak üçin-de täze bir başlangyçdyr.

Ýokary depginli ösüşi gazanmagyň we sanly ykdysadyýeti kemala getirmegiň esasy guraly bolsa täze döreýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şu babatda, milli we dünýä tejribesiniň gazananlaryny bu ugra ornaşdyrmakda baý tejribe toplanylýar. Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmek üçin giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Sa­hy­ber­di­ JEP­BA­ROW,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty,­

Mej­li­siň­ Ka­da-­ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky­

ko­mi­te­ti­niň­ ag­za­sy.