Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan ýurdumyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa göräde, sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletleriň ähli ugurlarda gülläp ösýändigini dünýä tejribesinden hem aýdyň görýäris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar.
Ýurdumyzda sport ulgamynyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi hem bu hakykaty tassyklaýan anyk mysallardyr.
Häzirki zaman sport düzümlerine eýe bolan ýurdumyzda iň ýokary derejedäki abraýly halkara ýaryşlary üstünlikli geçirmek üçin hem gerekli mümkinçilikler we oňyn tejribe ýeterlikdir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň we beýleki iri halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi-de, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, Sambo boýunça dünýä çempionatyny guramagyň ynanylmagy-da aýdylanlary bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ilatyň saglygyny berkitmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemek ugrunda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şol maksatlaryň myrat tapmagy bolsa halkymyzyň agzybirlikde çekýän zähmetine, tutanýerliligine baglydyr.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.