​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
08.11.2023

TARYHY ÄHMIÝETLI BEÝIK IŞLER

 

Berkarar döwletimiziň ähli ugurlar boýunça beýik ösüşlere beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýurdumyzda biri-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar, beýik ösüşler aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň netijeleri hem-de geljekki ugurlary bilen berk baglanyşyklydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary derejä eýe bolmagy, halkyň durmuş ýagdaýlarynyň has-da ýokarlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Eziz Watanymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýar we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata Watanymyz ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýär, dünýäniň beýleki döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýar. Taryhy döwürde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy hökmünde belent derejelere eýe bolýar. Türkmenistanyň beýik ösüşleri, ykdysady kuwwaty muny doly tassyklaýar. 

Bu günki günde ýurdumyzyň ösüşleri, il-ýurt bähbitli maksatnamalar, adam hakyndaky alada tutuş halkymyzy uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki şeýle beýik işler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşleri gazanmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda örän möhümdir. Şeýle beýik ösüşleri wagyz etmek hem asylly ýörelgedir. Şonuň üçin geçirilýän dabaraly maslahatlarda bu barada giňişleýin beýan edilýär. Munuň özi wagyz-nesihat işlerinde möhüm ähmiýete eýe bolup, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar, röwşen geljege bolan ynamy berkidýär. 

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkidilýär, beýik işler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy eýýamda beýik ösüşlere beslenýän gözel görkli Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belent üstünlikler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň beýan edildi, şeýle hem geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzyň ösüşler bilen öňe barýandygyny aýdyň beýan edýär. 

Eziz Watanymyzy has-da ösdürmek, bagtyýar hem-de röwşen geljegimiz barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.