​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
05.09.2023

ÝAŞLAR ÜÇIN MUKADDES ÝÖRELGE

Düýn paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde bir näçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagyna bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirildi. 2019-njy ýylda bu binada guralan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň nesillere atalyk ündewleri, pent-sargytlary ýüregimizde buýsanç duýgularyny döreden bolsa, 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen VII gurultaýda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunynyň tassyklanmagy kalbymyzda baky orun aldy. Şu ýylyň ilkinji günlerinde hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirilip, onda öňde goýlan täze maksatlar we wezipeler kesgitlendi.

Bi­lim­ler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde bir näçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp guralan maslahat ýaşlaryň ykbalyndaky bagtly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllara ser salsak, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşyp, ýurdumyzyň işçi, gullukçy, daýhan, talyp we okuwçy ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlara ýüzlenip: «Size tutan işiňizi ahyryna çenli ýetirmek, sowatly we başarjaň hereket etmek, işde, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanyp, iň öňdebaryjylara goşulmak zerurdyr. Onuň üçin biz hem döwlet tarapyndan elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Sizi hemişe goldarys we zähmete höweslendirip, ruhlandyryp durarys» diýip bellän bolsa, ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen geçirilen umumy sapagynda Milli Liderimiz: «Biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, biz, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirdi. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri — bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti» diýlip atlandyrylan 2-nji mowzugy boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly çykyşlarynyň giň seslenmä eýe bolandygyny şu pursatda uly buýsanç bilen ýatlasyň gelýär. Çünki bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýän, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän, ýurdumyzy dünýä tanadan, ýaşlaryň juwan kalbynda baky orun tutan Gahryman Arkadagymyzyň täzeçillige beslenen her bir tutumy, manyly ömür ýoly bu gün ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrüldi. 

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy», ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Maksatnama esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryny sarpalaýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýip belledi. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişlikdäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň halkara derejede goldanýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp mazmunynda-da ýurdumyzyň geljeginiň berk binýady hasaplanýan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär. 

Şu günümize buýsanç, aýdyň geljegimize ynam döredýän ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bilen geçirilen umumy sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň ünsümizi çeken: «Bu gün biziň gursagymyzda gurmaga we döretmäge güýç-kuwwat bagyş edýän Watana bolan beýik söýgi joş urýar. Biz beýik işlerimizi Watanymyza söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözleri ählimizde eziz Diýarymyza buýsanç duýgusyny oýarýan ajaýyp taglymata öwrüldi. Çünki Milli Liderimiziň buýsanç bilen belleýşi ýaly, «Bagtyýar ýaşlar bilen bizi halkymyz bagtlydyr!» 

Arkasynda ýurdy,mähriban ili, Gahryman Arkadagy, hormatly Prezidenti duran ýaşlaryň ýüreginde belent maksat, gözlerinde dogum bar. Şeýle belent ynam bilen bitirilmejek iş, ýetilmejek menzil bolmaz. Hut şonuň üçin hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň bu gün gadamlary ynamly, gaýratlary daş ýarýar. Ak geljegiň umyt güllerine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyz özi barada edilýän aladany, goldawy duýup ýaşaýar. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn! Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisi deputaty