Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Esasan hem, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklaryny gazanmak, olaryň ylmy başarnyklaryny ýüze çykarmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri berýär.
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatyndada täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, bilim alýan ýaşlaryň höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýratyn bellemegi her birimiziň göwnümizi galkyndyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary bagtyýar geljegi, nurana ertirleri berkarar etmegiň aladalarydyr. Edil şol günlerde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-2027-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça degişli Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň kalbynda ýakymly täsirleri oýardy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle aladalar ertirlerimiziň nurana, geljegimiziň röwşen boljakdygyna, giň gözýetimli ýaşlaryň kemala geljekdigine ynamy artdyrýar. Ýaş nesil hakynda şeýle yzygiderli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amangeldi HEZZIÝEW,
Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.