​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
01.09.2026

JEMGYÝETIŇ JEBISLIGI — DÖWLETIŇ BINÝADYNYŇ BERKLIGI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem il-ýurt ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň giň wekilçilik etmeginde maslahatlaşyp çözmek, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleri dabaralandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let gur­lu­şy ba­ba­tyn­da bi­ze mi­ras go­ýan ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp, mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-­syýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­megi­ne ila­tyň iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, de­mok­ra­ti­ýa­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak mak­sa­dy bilen dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty ýur­du­myz­da ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň mö­hüm äh­mi­ýet­li dü­züm­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan de­mokratik öz­gert­me­le­re hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­di. Bu ta­ry­hy öz­gert­me­ler döw­le­ti hem­-de jem­gy­ýe­ti mun­dan beý­läk­-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­gy ösdür­mek, ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly ýo­lu­na yg­rar­ly bo­lup, ony do­wam et­dir­mek, ýur­dy do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de top­la­nan baý tej­ri­be­le­ri, aja­ýyp däp­le­ri, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tut­mak mak­sa­dyndan ugur al­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» hem-­de hor­mat­ly Pre­zi­dentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Watandyr! Döw­let di­ňe halky bi­len döw­let­dir!» di­ýen tag­ly­mat­la­ry ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­mele­riň hem­-de mak­sat­na­ma­laryň esa­sy­ny düz­ýär. Şu ýylyň 10­-njy iýulyn­da hor­matly Prezi­denti­miz Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň giňiş­le­ýin mejl­sin­de hem­-de 15-­nji iýul­da Gahryman Arkadagymyz Türk­menistanyň Halk Maslaha­ty­nyň Prezi­diumy­nyň mej­li­sin­de Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ge­çiril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taýýar­lyk gör­mek ba­ra­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry­ny hem­-de gymmat­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­diler.

Ha­ky­ky de­mok­ra­ti­ýa kanun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­dir, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň goral­ma­gy­dyr we ber­jaý edil­megi­dir. Bu hu­kuk­lar şah­sy­ýe­tiň mer­te­be­si­ni sak­la­ma­ga, bäh­bitle­ri­ni go­ra­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Şun­da 2023-­nji ýy­lyň 21­-nji ýan­wa­ryn­da ka­bul edi­len «Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türkmenistanyň Kons­ti­tu­sion kanu­ny mö­hüm äh­mi­ýe­te eýedir. Konstitusion ka­nu­nala­ýyklyk­da, Gahryman Arka­dagymy­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çiri­len Türkmenista­nyň Halk Maslaha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­sin­de «Türkme­nista­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­sini ça­gyr­mak ha­kyn­da» we «Türkmenistanyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si­ni ýo­kary de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­retmek ha­kyn­da» ka­rar­lar ka­bul edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mejli­si­ni 2026-­njy ýy­lyň 23-­nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­herin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çir­mek bel­le­nil­di.

Esa­sy Ka­nu­ny­my­za la­ýyklyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty halk hä­ki­mi­ýe­ti­ni we­kil­çi­lik­li eda­ra­nyň üs­ti bi­len ama­la aşyr­mak üçin mil­li kanun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän döw­let hä­ki­mi­ýet ul­gamy­nyň kä­mil nus­ga­sy bo­lup dur­ýar. «Ga­raş­syz, ba­kyBitarap Türk­me­nis­tan­—­be­dew bat­ly at­my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lynda ge­çi­ril­ýän Türkmenistanyň Halk Maslaha­tynyň nobatdaky mejlisi bi­ziň ata­ba­ba­la­ry­myzyň ýo­lu­na yg­rar­ly­dy­gy­my­zyň nus­ga­sy­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da ösüş­lere bes­len­ýän Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Arkadagymyz ta­rapyn­dan ba­şy baş­la­nan döw­let­li iş­ler hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dowam et­di­ril­ýär. Dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, ýur­du­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­ri­ne myna­syp go­şant goş­ýan ra­ýatla­ry­my­zyň sar­pa­sy be­lent­de tu­tu­lyp, döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­nyl­ýar.­ Däp­ bol­şy­ ýaly, Ga­raşsyzlyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sady we me­de­ni dur­mu­şyn­da ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan, il için­de uly ab­raý­dan peý­dalan­ýan ra­ýat­la­ry­my­zy döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak, ola­ra hor­mat­ly at­la­ry dakmak çä­re­le­ri hem mu­kad­des Garaş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de ge­çiri­ler. Bu bol­sa ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň zäh­me­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzygi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mekde mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň her bir mej­li­si döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­naşyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry bi­len aý­ryl­maz bag­ly­dyr. Ýurdu­my­zyň halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­rasy­nyň no­bat­da­ky fo­ru­my­nyň sy­ýa­sy-­jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti bi­len bir ha­tar­da, onuň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti hem ulu­dyr.

Ata-­ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çilik­le­ri dö­red­ýän Gahryman Arkadagy­my­za hem­de hor­mat­ly Prezidentimize halky­my­zyň al­kyş­la­ry çäk­siz­dir.

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.