Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Täze taryhy döwürde Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny dabaralandyrýan, halkymyzyň döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalaryň mysalynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýändigini görmek bolýar. Sahawatly güýzüň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde birnäçe çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini aýdyň äşgär etdi. Şeýle ruhy ýokary göteriliş Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy bilen utgaşyp, ýaşlaryň durmuşynda ykbal özgerdiji pursatlara öwrüldi.
Ýaşlyk ynsanyň iň uly mümkinçiligidir, gymmatlygydyr. Bu döwürde her bir adam ylym-bilim ýoluna düşüp, ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, aň-düşünjesini kämilleşdirýär. Ýaşlykda özleşdirilen her bir bilim we öwrenilen hünär adamyň bütin ömrüne hyzmat edip, onuň geljekki üstünlikleriniň binýadyna öwrülýär. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagy ýaş türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň ruhy mekdebi hökmünde taryhy ähmiýete eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlary beýik geljegi gurujylar hökmünde görýän, goldaýan, olaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berýän Milli Liderdir. Muňa türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky birnäçe ýatdan çykmajak wakalar şaýatlyk edýär. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşyp, ýurdumyzyň işçi, gullukçy, daýhan, talyp we okuwçy ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlara ýüzlenip: «Size tutan işiňizi ahyryna çenli ýetirmek, sowatly we başarjaň hereket etmek, işde, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanyp, iň öňdebaryjylara goşulmak zerurdyr. Onuň üçin biz hem döwlet tarapyndan elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Sizi hemişe goldarys we zähmete höweslendirip, ruhlandyryp durarys» diýip belledi. Ýakynda geçen umumy okuw sapagynda bolsa: «Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz. Siziň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyňyza ynanýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, ilki bilen, ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berdi. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde sagdyn ýaşlary kemala getirmek, olary sport, milli medeniýetimize, ene dilimize, edebiýatymyza, şöhratly taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek möhüm wezipelerdir. Munuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, halkara tejribäni öwrenmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hünär biliminiň hilini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli özgertmeler amala aşyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirýän beýik işlerinde ýaşlaryň durmuş mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Umumy okuw sapagynda nygtalyşy ýaly, zähmetsöýerlik ynsanyň hakyky baýlygydyr, onuň mertebesini hem-de abraýyny belende göterýän uly güýçdür. Türkmen ýaşlary ata Watanymyzy diňe bir şöhratlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony goramaga hem borçludyrlar. Ata Watany, mähriban halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşyny goramak ýurduň ähli raýatlarynyň mukaddes borjudyr. Ýaşlaryň kalbynda şeýle belent watançylygy we zähmetsöýerligi kemala getirmek bolsa, ilkinji nobatda, maşgala gymmatlyklaryna sarpadan hem-de kämil terbiýeden başlanýar. Perzent terbiýesi ata-enäniň mukaddes wezipesidir. Oňa türkmençilige mahsus at dakmak, bilim-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek ata-enäniň perzendiň öňündäki esasy üç borjudyr. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Terbiýesiz çaga — baş öwredilmedik at», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen» ýaly atalar sözlerini mysal getirmek bilen, alym Arkadagymyz türkmen maşgalasynda terbiýe mekdebiniň jogapkärli taraplaryna aýratyn ünsi çekýär.
Gahryman Arkadagymyz okuw sapagynyň dowamynda ýaşlara ýüzlenip: «Nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gözbaş alýan edep kadalary ýaşlary ahlak arassalygyna, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä ruhlandyrýan egsilmez ruhy çeşmedir. Şoňa görä-de, bu gymmatlyk ýyl-ýyldan beýgelýär, gadyr-gymmaty artýar. Milli edep-terbiýämizde halkymyzyň ynsanperwerlik, päklik, ruhubelentlik, kiçigöwünlilik, mertlik, dogrusözlülik ýaly ahlak gymmatlyklary jemlenendir. Hut şonuň üçin hem, ýaşlar, siz edep kadalaryny durmuşyňyzyň manysyna öwürmäge çalşyň!» diýip sargyt etdi. Kämil nesli kemala getirmek baradaky şeýle öwüt-ündewler pederlerimiziň asylly ömür ýoly bilen-de berk baglanyşyklydyr. Bu babatda wepaly esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş mekdebi ýaşlar üçin asylly ýörelgedir. Milli mirasymyzy we ene dilimizi goramagyň mukaddes borçdugyny aýratyn nygtan Gahryman Arkadagymyz: «Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary ýaly dilçi alymlar öz dil baýlyklary bilen halklaryň arasynda ylmyň, edebiýatyň, medeniýetiň baglanyşygyny üpjün edipdirler. Türkmen ýaşlarynyň pederlerimiziň bu ýoluny dowam etmekleri parzdyr» diýip, häzirki nesliň öňünde duran taryhy wezipeleri anyk kesgitleýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! Diňe siz bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen belent ynamy bilen biz — ýaşlary beýik işlere ruhlandyrdy. Ýaşlary döwrüň kuwwatly güýjüne, halkyň nurana geljegine deňäp, olaryň watansöýüji, maksada okgunly, adamkärçilikli hem-de ylymly nesiller bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.