Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşy babatynda bize miras goýan ýörelgelerden ugur alyp, türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de dünýä ösüşiniň gazananlaryny öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmek, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, demokratiýany ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň möhüm ähmiýetli düzümleriniň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Türkmenistanyň Mejlisi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri degişli işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Esasy Kanunalaýyklykda halk häkimiýetini wekilçilikli edaranyň üsti bilen amala aşyrmak üçin milli kanunçylyga laýyklykda hereket edýän döwlet häkimiýet ulgamynyň kämil nusgasy bolup durýar.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda kesgitlenen demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmekden ybaratdyr. Şunlukda jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul edýär.
Halal we döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine şahsy goşant goşýan raýatlarymyzyň sarpasy belentde tutulyp, olar döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Däp bolşy ýaly, şu asylly ýörelge dowam etdirilip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanan günlerinde geçiriler.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky forumynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti bilen bir hatarda, onuň halkara ähmiýeti hem uludyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň halkara abraýyny berkitmekde, onuň parahatsöýüji we döredijilik syýasatyny dünýäde giňden ýaýmakda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütler halkymyzyň abadan durmuşynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň meselelerini we ýurdumyzyň bedew batly ösüşini üpjün eder.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.