​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
03.09.2026

MILLI DEMOKRATIÝAMYZ BARHA DABARALANÝAR

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi milli demokratiýamyzyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, jemgyýetimiziň jebisligini hem-de halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrmakda bu taryhy foruma uly orun degişlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, Garaşsyz döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işi we wezipesi bellenilmäge mynasypdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.

Biz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, geňeşliklerde bolup, dürli çäreleriň, maslahatlaryň üsti bilen welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň syýasy, taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin düşündiriş işlerini geçirýäris.

Her ýylda bolşy ýaly, bu taryhy ýylda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede agzybirlikde we jebislikde netijeli geçiriljekdigine, onuň dowamynda halkymyzyň abadançylygyny rowaçlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Jumageldi ATAÝEW,

Mary welaýatynyň statistika

müdirliginiň bölüm başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.