Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda uly dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasynyň, zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi halkymyza nobatdaky baýramçylyk sowgady boldy.
Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy işi, ensiklopedik eseri ene topragyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasydyr.
Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýän bu eser diňe döwürdeşlerimiz üçin däl-de, eýsem geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ruhy hazynadyr.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýetleri, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda ösýän 2000-den gowrak derman ösümlikleriň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilip, şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär. Bu ylmy-ensiklopedik eseriň ähli jiltleri biziň her birimiziň ýan kitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar we öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň 15-e golaý dünýä dillerine terjime edilmegi we şol dillerde neşir edilmegi aýdyň subut edýär.
Her bir adamyň kalbynda türkmen topragynyň dagyna, düzüne, derýasyna, deňzine buýsanjyň, söýginiň joşup durmagyny, Watan mertebesiniň belende galmagyny gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne pikirlere baý ajaýyp kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda waspy ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň öçmez-ýitmez maddy we ruhy gymmatlyklary döredip bilýän zehinli halkdygyny dünýä äşgär edýär. Täze kitapda Milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän endemik dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleriniň hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygy barada belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýleki ajaýyp eserleri ýaly, bu ensiklopedik eseriniň täze jildi hem terbiýeçilik ähmiýete eýe bolmak bilen, eziz Watanymyza söýginiň, bereketli topragymyza buýsanjyň gözbaşy bolan milli mirasymyzyň we tebigatymyzyň gözelligini halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň aňyna çuňňur ýetirmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde uly gollanma bolar. Täze kitapda ýerleşdirilen gözel tebigatymyzyň, täsin ösümlikleriň we gülleriň suratlary aýratyn özüne çekiji bolup, bu gözellikleri goramak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak barada ündelmegi terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.
Häzirki döwürde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli, halal adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary parasatly pikirleri özünde jemleýän gymmatly çeşme, görelde mekdebi, paýhas hazynasy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň kitaplary ýurdumyzyň geljegi üçin hem ajaýyp mirasdyr.
Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Men bu kitabyň siziň hakyky we hoşniýetli maslahatçyňyza öwrüljekdigine, köp ýyllaryň dowamynda saglygyňyzy, ýaşlygyňyzy hem-de gözelligiňizi saklamaga kömek etjekdigine ynanýaryn. Goý, hemişe türkmen tebigatynyň adamyň jan saglygyna oňaýly täsir edýän çeşmesi hiç haçan egsilmesin!» diýip ýüzlenýän sözleri türkmen halkynyň bagtyýar, sagdyn durmuşy, ruhubelentligi baradaky aladalar bilen utgaşyp, bu kitaby okan her bir adamyň kalbyny mähir bilen gurşap alýar.
Goý, lukman hem alym Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.
“Daşoguz habarlary”, 09.11.2023