Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip gelipdirler. Olar her bir döreden gymmatlyklaryny sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Halkymyzyň gündelik durmuşda ulanan gurallary bu günki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, geçmişimiziň gadymy köklerinden habar berýär. Olary öwrenmek we gorap saklamak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Şeýle gymmatlyklaryň biri hem juwazdyr. Juwaz künjüden ýag almak üçin peýdalanylyp, ol esasan, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde köp ulanylypdyr. Ondan başga-da, gawun çigidinden, zygyrdan ýag almak üçin hem ulanylypdyr. Halk arasynda juwaz hakynda:
Sary maýam çöküp otyr,
Iç ýagyny döküp otyr.
Öküz-öküz aýlanar,
Dünýä sekiz aýlanar—
diýen ýaly matallar hem döredilipdir.
Juwaza düýe, at ýaly mal goşulyp işledilýär. Oňa goşulan mal birsyhly aýlanyp duransoň, başynyň aýlanmazlygy üçin gözüne mata daňylýar. Ol mata “gözlük” diýilýär. Gözüň üstüne düşýän ýeri gözi gysyp durmazlygy üçin gözlük güberçek edilip baglanýar. Juwazyň ýerleşdirilen tamyna “juwaztam”, juwaz işledýän adama bolsa “juwazçy” diýilýär. Juwazyň sokusy tamyň ortasynda dikilipdir. Juwaztamyň giňligi onuň töwereginden juwaza goşulan iş maly arkaýyn aýlanyp biler ýaly hem juwaza degişli enjamlar ýerleşdirilip bilner ýaly ululykda bolupdyr.Juwazyň iň esasy bölegi onuň sokusydyr. Onda künjüden we beýleki dänelerden owlup ýag çykarylypdyr. Juwaz sokusyna guýlan künjiniň owulýan ýerine kersen diýilýär. Sokynyň agzy 70—80 santimetr giňlikde, 4—5 santimetr çuňlukda däne guýular ýaly erňek edilip köwülýär. Oňa birbada 9—12 kilograma çenli künji guýulýar. Onuň aýlanmagy bilen juwazyň agzyna düşen däne owlup başlanýar.
Juwazyň piri Ussa Badýan babanyň ýasan juwazy ilki ýag bermändir. Ol hünäriniň başa barmandygyna gynanyp, Allatagala nalyş edip aglapdyr. Şonda onuň gözünden akan ýaş juwazyň sokusyna damypdyr we ýag çykyp başlapdyr. Şondan soň ol soka guýlan künjä suw sepilmelidigini bilipdir.
Gyş günleri howanyň sowuk bolýandygy üçin ýaz aýlaryna seredeniňde, juwaz haýalrak gyzýar. Ol oňat gyzmasa-da, künji ýagy gowy alynmaýar. Şonuň üçin gyş aýlary juwazda ýag çykarmak tomus paslyna seredeniňde, köp wagty talap edýär. Her günde juwazdan 350 kilogram künjüden 190 litr töweregi ýag alynýar. Künji ýenjiliberende üstüne iki goşawuç suw sepilýär. Oňa “gaýnar suw” diýilýär. Juwaza goşulan mal (düýe, at) 300—400 gezek aýlanandan soň, juwazdaky künjiniň köp bölegi döwlüp, talhan bolýar we ýene-de suw berilýär, soň ýag inýär. Künji bulamak ýaly çaýkanyp ugraýar. Şonda soka iki goşawuç künji taşlanýar. Şondan soň künji gatap, künjaradan ýag saýlanyp ugraýar. Soňra humarça (agaçdan edilen ýörite gap) bilen ýagy az-azdan susup alýarlar.
Köplenç, juwazda ýag çykarylýandygy üçin künjarasy juwazça el haky hökmünde berlipdir. Ýag çykarmaga gelenlere juwazçy “Elime ýokan ýagyňa razy bol!” diýer eken.
Sokynyň içinden aýlanýan 1,5—2 metr uzynlykdaky agaja “juwazyň oky” diýilýär. Onuň bölekleri: kellesi, boýny, egin, gulak, çöpüdir. Okuň kelle bölegi serhananyň ýa-da tahýanyň sygymlylygyna laýyklykda onuň içinde erkin aýlanar ýaly ýumrulanyp durýar. Ol tahýa geýdirilýär, onuň kellesi bilen boýny gyrlanda, onuň göwre bilen birleşýän ýerine täze ýasalan kelle sepleşdirilýär. Ok, soky juwazyň esasy hyzmatyny ýerine ýetirýän bölegidir. Ok aýlananda, sokynyň kerseniniň ýalawlarynda däne mynjyradylýar we onuň maňzyndaky ýag gabykdan—lödereden saýlanýar.Juwazyň sokusy wagtal-wagtal arassalanyp durulmalydyr.
Okuň uç tarapyndan deşik deşilip, agaç geçirilýär. Oňa “börük” diýilýär. Onuň ýokarsy oka berkidilse, aşagy ýük sallanýan agaja berkidilýär. Juwazyň oky bilen sokynyň gapdalynda ýerleşýän kündäni birleşdirýän ýokary tarapyndaky egri agajyň ady gejekdir. Ol igde, tut, erik ýaly gaty, berk agaçlardan edilýär. Onuň ýokarky egrelen tarapy onuň ujuna geýdirilýär-de, oky aşak basyp durýar.Juwaz aýlananda,sürtülmek güýjüni azaltmak üçin okuň ujuna gejegiň geýdirilýän ýerine sabyn çalynýar. Gejegiň aşak tarapyndaky çekgeler ony künde bilen birikdirýär. Gejegiň aşak ujundan deşilip kese geçirilýän agaçlara “gejegiň çekgeleri” diýilýär. Ol hem berk agaçdan ýasalýar.
Juwazyň kejebesine “Padar” diýilýär. Juwazy ýöretmek, ýag almak we alnan ýagy saklamak üçin ulanylýan kömekçi gurallaryň ýerine ýetirýän hyzmatyna görä şeýle atlary bar:
Aýry—juwazyň okuny ýokary çykarmak zerur bolanda ulanylýan haçja. Ol okuň gulak çöpüniň aşagyndan goýberilip, ony ýokary göterýär.
Balhy—juwazdan çykan ýagy guýmak üçin taýýarlanylan syrçaly, iki gulakly uly küýze.
Döwüm—juwazyň sokusyna toplanan ýagy almak üçin ulanylýan kiçi gapjagaz.
Könek—juwazyň serhanasyna toplanýan ýagyň akdyrylýan gaby. (Belki köýnege meňzeş bolanlygy üçin oňa könek diýlendir).
Süňňülkädi—jüründikden akýan ýagyň guýulýan gaby.
Desşeňňil—5,5 kilogram ýag sygar ýaly, düýäniň hamyndan ýörite taýýarlanylan çäýnek sypatly gap.
Şägirt golça—serhanadaky ýagy alyp, desşeňňile guýulýan kiçijik okara.
Çeker—juwazyň agzyna toplanan ýagy susup almak üçin ýörite gap.
Tüfe—juwazyň sokusyndaky ýagy sorup alýan turbajyk.
Desmal—serhananyň içindäki kumarçanyň susup alyp bilmedik ýagyny, syryp alýan esgi.
Misran—juwazyň içerki diwarlarynda gatap galan künjarany goparýan demir.
Öýjaý—juwazyň tahýasynda toplanan ýagyň akdyrylýan bedresiniň oturdylýan ýörite çukury.
Ýanagaçlar—ujy kiçi, juwaza goşulan malyň iki ýanyndan uzynlygyna geçýän agaçlar.
Ynha, şu sözlerden görşümiz ýaly, ata-babalarymyz juwazy ýasamak, işletmek üçin birnäçe zatlardan peýdalanypdyrlar.
Gurbangözel MUHAMMEDOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky takyk ugurlar
boýunça ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.