​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.11.2023

BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar sazlaşykly ösdürilýär. Şol sanda oba hojalygy ösdürmek boýunça birnäçe işler ylmy esasda alnyp barylýar. Hakyky ýer eýeleri bolan edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp,  Watan harmanyna tabşyrýarlar.

 

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Bereketliligiň pasly hasaplanýan goýazy güýzüň gözel gününde Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Berekediň we bolçulygyň baýramynda dürli görnüşli sergiler guralýar. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaralar, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri, konsertler hem­de sport ýaryşlary geçirilýär.

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym­agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenleri baýramçylyk sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglaýarlar. Bu bolsa geljekde hem edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ýylyň­ýylyna Watan harmanyna bol hasyl tabşyryp, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergi berýär. Ýurdumyzda daýhanlar üçin döredilýän şertler hasyl ussatlaryny, ýer eýelerini, edermen daýhanlary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, mundan  beýläk­de oba hojalyk pudagynyň batly depginler bilen ösmegine mynasyp goşant goşmaklyga borçlandyrýar. 

 

Serdar BEGMYRADOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.

“Arkadag”, 09.11.2023