​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
17.10.2026

BEDEW BADY BILEN TÄZE MENZILLERE

Ahal­te­ke be­dew­le­ri türk­men hal­ky­nyň dün­ýä at­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ne saldam­ly go­şan­dy bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň milli buý­san­jy, Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­niň ny­şa­ny­dyr. Şan­ly ýyl­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de we Di­ýa­ry­myz­da ge­çi­ril­ýän be­dew ruh­ly çä­re­ler ola­ryň Ýer ýü­zün­dä­ki şan-şöhra­ty­ny bar­ha art­dyr­ýar, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­muş­da­ky or­nu­ny ber­kid­ýär. Türk­me­niň be­hiş­di be­dew­le­ri, ulu­dan tu­tul­ýan toý­la­ryň be­ze­gi bol­mak bi­len bir­lik­de, tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dost­lu­gyň, döw­let­li­li­giň, üs­tün­li­giň we ro­waçly­gyň ny­şa­ny­dyr, şeý­di­bem ola­ryň at-ab­ra­ýy gaý­ta­dan dün­ýä dol­ýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamyndaky dabaralarda aýdyň beýanyny tapýar. Baş baýramymyzyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisinde hem atçylyk sungatyny, ylmyny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň esasynda ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem naýbaşy tohum atlaryň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Geljekde ahalteke atlarynyň tohumçylyk işlerini halkara derejede utgaşdyrmaga, tohumçylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyny, arassa ganly ahalteke atlarynyň genetik goragyny we tohumçylyk standartlarynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmäge hem aýratyn üns berler.

Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýokary ruhubelentlikde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem orun almagy arassa ganly tohumyň döwlet tarapyndan goraglylygyny has-da berkitdi. Ahalteke bedewlerini döwlet tarapyndan berk goraga alýan kanunçylyk namasy Esasy Kanunymyza we beýleki kadalaşdyryjy resminamalara, hususan-da, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar. Ahalteke bedewlerini her taraplaýyn öwrenmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak, bu milli gymmatlygymyzy wasp edýän eserleriň örüsini giňeltmek, köpugurly çäreleri guramaga ýardam bermek täze Kanunda göz öňünde tutulan esasy maksatlaryň hatarynda görkezilýär. Ahalteke atçylyk sungatynda we seýisçilikde halypa-şägirt ýörelgesini rowaçlandyrmaga, bedewler bilen bagly innowasion ulgamlary döretmäge çenli ençeme goldaw-hemaýat ediji ugurlary öz içine alýan Kanun naýbaşy milli gymmatlygymyzyň goragy babatda döwrebap hukuk binýadyny döredýär.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk toýy ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky mizemez ornuny äleme äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň özboluşly dowamyna öwrülen köpöwüşginli çäreler halkymyzyň behişdi baýlygyna bolan buýsanjyny, söýgüsini, yhlasyny, sarpasyny şöhlelendirdi.

Bedew halkymyzyň taryhy hakydasynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün hem bedewleriň keşbi güýç-kuwwatyň, ýyndamlygyň, wepalylygyň nyşanydyr. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri bilen halkymyz dünýä çykýar, halkara derejede diplomatik gatnaşyklary berkidýär. Hususan-da, 29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň jana melhem künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň bedew janköýerlerine gapylaryny giňden açmagy şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. Onuň açylyş dabarasynda türkmen halkynyň toý tutmak, bedew ýetişdirmek, aty seýislemek, çapuwa taýýarlamak, aýlawa goşmak ýaly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Häzirki zaman atçylyk medeniýetiniň gazananlaryny saklamaga, bedewleriň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen innowasion düzümleri özünde jemleýän toplumda geçen ajaýyp dabaralar! Şol dabaralar arkaly bütin dünýä halkymyzyň öz taýsyz gymmatlygyna goýýan sarpasynyň juda belentdigine ýene bir gezek şaýat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý edýän agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewinde toý çapyşygyna gatnaşyp, ýeňiş gazanmagy bedew janköýerlerinde hoşallyk, halkymyzda egsilmez buýsanç döretdi. Ýaryşda üstün çykan Gahryman Arkadagymyzyň özüne gowşurylan gymmat bahaly ýeňil awtoulagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat bermegi behişdi bedewlerimiziň nesilleriň arasynda baglanyşygy üpjün edýän ajaýyp gymmatlykdygyny nobatdaky gezek görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen döredilen we şu güne çenli dünýäniň 6 gezek çempiony bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary üçin bu şanly ýyl rowaçlyklara we taryhy üstünliklere beslendi. Toparyň agzalary milli sirk sungatymyzyň özboluşly ugry bolan atly çykyşlary bilen janköýerleri haýrana goýup, ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýarlar. Ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» toparynyň ýokary derejeli halkara güwänamalara mynasyp bolmagy munuň ykrarnamasydyr. Bu topar Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda geçirilen VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalynda hem täsirli çykyşlary bilen uly meşhurlyk gazanyp, baýraklar bilen sylaglanyldy. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda Toýly atly ajaýyp bedewiň «Iň owadan bezelen at» ugrundan baş baýragy eýelemegi, şeýle-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda görkezen çeperçilik ussatlygy üçin toparyň «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagy bu üstünlikleriň üstüni ýetirdi.

Ynsan gylykly bedewler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşyna, wepaly hemrasyna öwrülipdir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli dünýägaraýşynyň we seýisçilik sungatynyň äleme nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Şeýlelikde, türkmen atlary dünýä giňişliginde aýratyn orna mynasyp bolýar. Bedew berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşlerini alamatlandyrýar. Bedew bady bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzüniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek, türkmen halkynyň mundan-da eşretli durmuşyny gazanmak, külli adamzady dost-doganlyga, parahat durmuşa, hyzmatdaşlyga, ösüşe çagyrmak babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlar ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Şeýle giň gerimli, nusgalyk çemeleşme behişdi bedewlerimiziň dünýä siwilizasiýasyndaky ornuny has-da pugtalandyrar.

Hatyja MUSTAKOWA,

Çärjew etrap bilim bölüminiň

müdiriniň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.