Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler her bir maşgalanyň abadan durmuşyny, ýaş nesliň sagdyn ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini giňeltmek, bejeriş-öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň özeninde ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hökmünde kabul edilýär. Çünki jemgyýetiň abadançylygy, zähmet öndürijiligi, ýaşlaryň geljege ynamly gadam basmagy we maşgalalaryň bagtyýar durmuşy ilatyň saglyk ýagdaýy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagyna, olaryň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegine, hünärmenleriň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Şeýle aladalaryň anyk netijeleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan we ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň mysalynda aýdyň görünýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm netijeleriniň biridir.
Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy gözellikleriň mekanynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasy özüniň bejeriş serişdeleri bilen giňden bellidir. Täze bejeriş merkeziniň ulanmaga berilmegi şypahananyň mümkinçiliklerini has-da giňeldip, raýatlaryň saglygyny dikeltmek we keselleriň öňüni almak üçin döwrebap şertleri döretdi. Alty gatdan ybarat binada häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň, dürli bejeriş we dynç alyş otaglarynyň, beýleki hyzmatlaryň jemlenmegi bu ýere gelýänleriň saglygyny dikeltmekde toplumlaýyn çemeleşmäge mümkinçilik berýär.
Merkezde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny öwrenmäge, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini anyklamaga, stomatologik we fizioterapiýa bejergileri döwrebap derejede ýerine ýetirmäge niýetlenen enjamlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şypahanada mineral suw bilen bejermek, fizioterapiýa, galwanik, fitowanna, ozonoterapiýa we beýleki sagaldyş usullarynyň peýdalanylmagy tebigy baýlyklary döwrebap lukmançylyk mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýar. Raýatlaryň rahat dynç almagy üçin amatly otaglaryň, berhiz naharhanasynyň, fitobaryň, gezelenç ýodalarynyň, sport we çagalar üçin oýun meýdançalarynyň döredilmegi saglygy dikeltmekde diňe bir lukmançylyk hyzmatlarynyň däl, eýsem, sagdyn durmuş gurşawynyň hem möhüm ornuny görkezýär. Çünki saglygy goramak diňe keseli bejermek däl, eýsem, onuň öňüni almak, dogry iýmitlenmek, beden işjeňligini ýokarlandyrmak we ruhy rahatlygy üpjün etmek bilen hem baglydyr.
«Arçman» şypahanasynyň täze toplumynyň açylmagy bilen bir hatarda, paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu desgalar ilatyň dürli ýaşdaky toparlaryna ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek, keselleri irki döwürde anyklamak, bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we häzirki zaman lukmançylygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin döwrebap şertleri döredýär.
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işi, ilkinji nobatda, ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we näsaglara ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek bilen baglydyr. Halkara pediatriýa merkezi bolsa çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň kadaly ösüşini üpjün etmäge, keselleriň öňüni almaga we kiçi ýaşdaky näsaglara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge ýöriteleşdirilendir. Çagalaryň saglygy maşgalanyň bagtynyň, jemgyýetiň geljeginiň we döwletiň ösüşiniň möhüm şertidir. Şonuň üçin enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaş nesliň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek durmuş syýasatynda möhüm orna eýedir. Stomatologiýa merkezi hem ilata ýöriteleşdirilen diş bejeriş hyzmatlaryny hödürlemek we diş saglygyny goramak bilen bagly mümkinçilikleri berýär. Bu täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň gerimini giňeltmek bilen birlikde, öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş ugurlarynyň özara sazlaşykly ösdürilýändigini görkezýär. Olaryň her biri jemgyýetiň belli bir zerurlygyna gönükdirilip, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirýär.
Şu nukdaýnazardan, her bir raýatyň saglygy, maşgalanyň abadançylygy we ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi döwletimiziň ösüş maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga, jemgyýetde ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga we geljek nesiller üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmäge binýat bolup hyzmat edýär.
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar we sagaldyş desgalary raýatlaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň möhüm binýadydyr. Adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň merkezinde durmagy bolsa Türkmenistanyň durmuş ugurly ösüş ýolunyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky
komitetiniň agzasy.