Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Watanymyzyň şan-şöhraty, at-abraýy dünýä giňişliginde günsaýyn beýgelýär. Golaýda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen halkara syýasy, medeni-ynsanperwer, durmuş-ykdysady çäreleriň giň toplumy aýdylýanlara şaýatlyk edýär.
Oktýabr aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat hem-de «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji maslahat Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen döwletli dabaralara badalga beren çäreler boldy. Şol günler Hazaryň kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi uly abraýa beslendi.
Şeýle ýokary derejeli duşuşyklaryň Awazada geçirilmegi taryhy taýdan örän ähmiýetlidir. Çünki bu künjek parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we dostlugyň kenary bolmak bilen, dünýä we sebit derejesinde halkara forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini ýenede bir gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany bu formata goşmak boýunça strategik başlangyjy sebitara hyzmatdaşlygy, ulag-logistika arabaglanyşygyny we energetika dialogyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen parasatlylygyň nyşanydyr. Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogyna goşulyşmagy sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze geosyýasy we geoykdysady derejä çykarýar. Bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny kemala getirýär.
«Awaza » milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, sergiler we medeni çäreler bu halkara-syýasy çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady we medeniynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ýurtlarynyň we Arkalaşygyň syýasy dialogy bilen ugurdaşlykda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Bu sammit parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşmaga daýanýan dialogyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek ýokarlandyrdy.
Bütin dünýäde howanyň üýtgeýän şertlerinde Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýa gün tertibine diňe bir daşky gurşawy goramagyň meselesi hökmünde däl, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz bu meselede halkara giňişlikde işjeň we döredijilikli orny eýeläp, tebigaty goramak babatda giň gerimli we oýlanyşykly başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ekologiýa we ykdysadyýet düşünjeleriniň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, şeýle hem Hazaryň biologik köpdürlüligini gorap saklamak üçin ähli kenarýaka döwletleriniň we halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aňladýar.
Hazar deňziniň türkmen kenarynda gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýokary derejedäki duşuşyklarynyň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli sammitler sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran wezipeleri çözmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmäge goşant goşar. Bu forumlaryň dowamynda sebit ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolsa halkara derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, ýurtlaryň arasynda eksportimport amallarynyň artdyrylmagyny, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyny üpjün eder.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ykdysady meseleler
baradaky komitetiň agzasy.