​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
10.11.2023

BAŞYMYZYŇ TÄJI — NURANA WATAN!

 

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Barly gymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýen sözleriniň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde berlen hasabatlar bilen berk utgaşýandygyna göz ýetirmek juda guwandyryjy. 

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri hasabat berdi. Ol Milli goşunyň düzüm böleklerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem Ýaragly Güýçlerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, esgerleriň hem-de harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby ýörelgeleri esasynda, Watana bolan söýgi we watançylyk ruhunda terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöýüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr» diýen pentlerine berk eýerilýändiginiň iş ýüzündäki görkezijisidir. 

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garamaklaryndaky düzümler tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabatlaryny berdiler. 

Mejlisiň barşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz häzirki döwrüň talaplarynyň hem-de Watanymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň kazyýet-hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini şertlendirýändiginden ugur alyp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «...mert pederlerimiziň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek Watan goragçylarynyň her biriniň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borjy abraý bilen bir kem siz ýerine ýetirmek merdana harby gullukçylarymyz üçin belent mertebedir. Watan goragy olaryň bütin durmuşyna, kalbynyň senasyna, ýürek urgusyna öwrülmelidir» diýip ýazýar. Bu sözler her birimiziň Watan öňündäki perzentlik borjumyzdyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda gözel durmuşymyzyň goýnunda bolýan täze-täze wakalar, şatlykly habarlar göwnüňi joşdurýar, berkarar döwletlilige bolan buýsanjyňy artdyrýar. «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli beýik işlere ulaşýar. 

Bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp wakalara tüýs ýürekden guwanyp ýaşaýar. 

Diline, dinine, milletine, ýaşaýan ýerine, ynanç-ygtykatlaryna seretmezden, ynsan nesliniň ählisiniň ýüreginde bir arzuw bar. Bu arzuw — asudalyk, parahatçylyk islegi. Türkmenistan döwletimiziň milli özygtyýarlylygyna eýe bolup, dünýä arenasynda özbaşdak daşary syýasat ýöredip ugran ilkinji günlerinden bäri türkmen diplomatiýasy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda irginsiz gözlegleri amala aşyrýar. 

Bir akyldaryň: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýip belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutuş dünýä halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda öňe süren taglymatlary hem-de bize ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyzyň asylly däplerine esaslanýan daşary diplomatiýasy bu gün dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenmä eýe boldy. 

Munuň ýene bir aýdyň subutnamasyna ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna we hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda kabul edilen resminamalaryň mysalynda hem ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Bu kabul edilen resminamalarda beýan edilýän wezipeler, geljekde döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, dilimiziň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň umumylygyna hem-de özara bähbitlere, deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini we geljekde-de ynamly ösdüriljekdigini görkezýär. 

Häzirki täze taryhy eýýamda Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde hem giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Şeýle-de Diýarymyz gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan döwlet hökmünde bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä eýe bolýar. Biz bu hakykata Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 3-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmeginde we düýbüniň tutulmagynda hem ýene bir ýola magat göz ýetirdik. 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylmagy Garaşsyz ýurdumyzyň gurýan, döredýän, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmündäki abraýyny has-da belende göterdi. Bu taryhy wakalar Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynyň maksatnamalaýyn ösdürilýändigini we sebitleri özgertmek boýunça syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezdi. 

Şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň duýmak bolýar. Onuň netijesinde Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent, synmaz erkli bagtyýar ýaşlar kemala gelýär.

Hut şol sebäpli hem bu döwrüň gadyr-gymmatyny, bereket hümmetini ýaş nesillere doly hem dogry düşündirmek, olarda beýik Watana bolan söýgini, ene-ata bolan hormaty, nesilleriň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemek bolsa biziň beýik borjumyz we esasy wezipämizdir. 

Umuman, ata Watanymyz Türkmenistan bize ykbaldan ýeten uly paýdyr. Bu mährem toprakda türkmeniň köňül telwasy, ýüreginiň ýylysy, üwrelen sallançagyň bady, ene hüwdüsiniň hoş owazy jemlenendir. 

Milletimiziň mertebesini, halkymyzyň hormatyny, döwletimiziň derejesini dabaralandyrmak baradaky kämil başlangyçlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.