Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu syýasat Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary bilen sazlaşykly ösdürilýär. Türkmenistan halkara giňişliginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi berkitmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda parlament diplomatiýasy bu maksatlara ýetmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň dürli derejedäki duşuşyklarynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Parlamentara gatnaşyklar döwletleriň arasynda kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmaga, syýasy dialogy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza duşuşyklarynyň maksatnamasyna GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi, hemişelik komissiýalaryň duşuşyklary, şeýle hem 61-nji plenar mejlis girizildi. Olarda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, kanun çykaryjylyk tejribesini kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hemde sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesiniň berilmegi forumyň möhüm netijeleriniň biri boldy. Bu çözgüt ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, Arkalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan parlamentara dialoga işjeň gatnaşmagyna täze şertleri döredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde bu ädim parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetli netijesi bolup durýar.
Awaza duşuşyklarynyň ýene bir möhüm halkara mazmuny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany kabul etmegi bilen baglanyşyklydyr. Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda kabul edilen bu resminamada BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara we sebitleýin meseleler boýunça utgaşykly hereket etmek, ykdysadyýet, söwda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halkara we sebitleýin guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, olaryň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini görkezýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky duşuşyklar parlament diplomatiýasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini hem aýdyň görkezdi. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde parlamentleriň eýeleýän orny, kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle duşuşyklar parlament diplomatiýasynyň döwletleriň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk we guramaçylyk binýadyny berkitmäge hyzmat edýändigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäginde ýerleşen şäherler Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda, medeniýet we ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Merw, Nusaý, Köneürgenç, Sarahs we Amul ýaly şäherler dürli halklaryň özara gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläpdir. Bu taryhy tejribe halkymyzyň hoşniýetlilige we özara bähbitli hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygynyň gadymy köklerini açyp görkezýär. Häzirki döwürde bu däpler Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy we halkara hukugyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleri öňe sürýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegidir. Ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň bilelikde guramagynda Bitaraplyk we halkara hukuk meselelerine bagyşlanan üçünji Aşgabat maslahatynyň geçirilmegi hut şu başlangyç bilen baglanyşyklydyr.
Umuman, parlament diplomatiýasy döwletara dialogyň gerimini giňeldýän, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän netijeli mehanizm bolmak bilen, Awazada geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahaty Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy. Onda gazanylan netijeler, Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy derejesine eýe bolmagy we parlament ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltdi. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň iş ýüzündäki beýanydyr.
Tuwak ÖWEZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň baş hünärmeni.