​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.11.2023

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet derejesinde alnyp barylýan beýik işler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem taryhy waka boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşyndaky syýasy ähmiýetli bu waka ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgämiz bolup, milli demokratiýamyzyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu taryhy mejlisde çykyş etmekleri halkymyzy, diýseň, buýsandyrdy. Çünki, häzirki wagtda milli parlametimiziň işini has-da döwrebap derejelere çykarmakda, täze Kanunlary işläp taýýarlamakda, öňden bar bolan Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi beýik işleri durmuşa geçirýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi hormatly Prezidendimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokarlandyrýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde şu syýasy ähmiýetli waka gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Bu taryhy wakada kalbymyzy uly buýsanja beslän aýratyn bellemeli zatlaryň biri hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagy boldy. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlaryny, kabul edilen Kararlaryň, çözgütleriň many-mazmunyny il arasynda wagyz etmek bilen yhlasly zähmet çekjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Il-günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-gün bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.