Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredýärler, taplanýarlar, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp
goşant goşýarlar
Belent ynam! Beýik borç! Bu iki jümle biri-birini şertlendirip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda ýaş nesliň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Şoňa görä-de, ýaşlar meselesine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasaty derejesinde aýratyn üns berilýär.
Şu Watanyň, şu milletiň nesli biz!
Watan söýgüsi ähli duýgularyň gözbaşynda bolup, iň ajap aýdymlar, iň beýik şygyrlar dogduk Diýar, ata mekan hakyndadyr. Topragyň enä, Watanyň ata deňelip, «Towşana dogduk depe» diýilmegi, megerem, şonuň üçindir. Watançylyk duýgusy ösen nesle agzybirlik, birlik, jebislik ýoly mahsus bolup, gadymy oguz nesilleri watansöýüjiligiň, il-güne, maşgala, ata-enä ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezipdirler. Şol ygrar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häzirki nesillerinede mahsus bolup, bu günki ýaşlar ata-babalarynyň beýik oguzlardygyna buýsanýar, Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly berk binýatly berkarar döwletde ýaşaýandyklaryna, okaýandyklaryna, döredýändiklerine guwanýar. Çünki hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir» diýmek bilen, ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde baha berýär. Muny 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şoňa görä-de, şu Watanyň, şu milletiň bagtyýar ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.
Golunda eýýamyň beýik işleri, türkmen ýaşlary!
«Iki sany ulanaýmaly söz bar bolsa, şolaryň iň gowusyny saýlaň» diýilýär. Tüýs ýerine düşürilip öz wagtynda aýdylan her bir söz adamyň durmuşa, öňde goýan belent maksatlaryna bolan garaýşyna düýpli täsir edip, ony täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň özleri hakdaky aladalaryny her pursatda duýýan bu günki türkmenistanly ýaşlar — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 900 müňden gowrak işjeň agzalary döredijilik ukyplaryny ýüze çykarýarlar, iň oňat pikir-ideýalaryny jemgyýetimiziň ösüşine gönükdirmäge çalyşýarlar. Hut şonuň üçin-de, döredilenine 32 ýyl dolan Ýaşlar guramamyz döwlet ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde, zehinli ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işe işjeň çekilmeginde aýratyn orny eýeleýär diýip ynamly aýdyp bileris. Esasy nygtamaly zat, döwrüň özgermegi — maglumat işjeňliginiň geriminiň giňemegi, durmuşymyza innowasiýalaryň ornaşmagy häzirki nesillerden has işjeňligi talap edýär. Şoňa görä-de, biz alyp barýan işlerimizi has guramaçylykly we täzeçil usullarda ýola goýmaga çalyşýarys.
Ylymly ýol — abadan geljege ýetirýän şuglaly ýol
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip belleýär. Bu ýokary baha biziň öňümizde uly jogapkärçiligi goýup, şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlary ýüze çykarmak, olaryň ylmy açyşlaryny höweslendirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Çünki ylym ýoly çuňňur zehini, irginsiz yhlasy, dowamly gözlegi talap edýän inçe ýol hasaplanýar. Şoňa görä-de, ylym dünýäsiniň altyn gapysyny açmak üçin altyn açar gerek. Ol açar bilen arzuw wysal bolýar, maksat myradyna gowuşýar. Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýaşlaryň arasynda ýylyň-ýylyna yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşigi ýaşlary ylym dünýäsine atarmakda gymmata eýedir. Şu jähetden, bu bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň we önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlaryň 1 müňden gowragy gatnaşdy, mynasyp işleriň 60-a golaýy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary — nusgalyk ýörelgämiz
Ýurdumyzda döwlet ýaşlar syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Ol kitaplar watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýol görkeziji nusgalyk taglymatdyr. Şoňa göräde, talyplara ömrüň bahar çagynyň uly joşgun, ýakymlylyk bilen ýatlanylýan ajaýyp pursatlaryny bagyşlaýan «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri», «Talyp gözeli», «Ýylyň talyby», çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikleri degişli edara-kärhanalar bilen guranymyzda, Milli Liderimiziň kämil eserlerini ýol-ýörelgämiz edinýäris. Şeýlelikde, bu bäsleşikleriň düýp mazmunyny ata Watana, ene topraga, il-güne, jemgyýete söýgi duýgulary eýeläp, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny ösdürýär, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna oňyn täsir edýär. Ýaşlar baýragy — geljekki üstünliklere badalga Ynsanda, onda-da ýaş nesilde hyjuw, höwes uly bolýar. Şol höwesi öz wagtynda dogry ýola gönükdirmek diňe bir şahsyýetiň özüni däl-de, eýsem, tutuş geljegi ýagty ýola, jemgyýeti kämillige ugrukdyrýar. Şundan ugur alnyp, ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmekde, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri üçin, şeýle-de ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at berilýär. Bu baýrak ýaşlar üçin geljekki uly üstünlikleriň badalgasy bolup, olara iň ezberler mynasyp bolýar. Şu jähetden, ýaşlarymyzyň 2020-nji ýylda 47-si, 2021-nji ýylda 62-si, 2022-nji ýylda 75-si bu hormatly adyň eýeleri bolan bolsa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda olaryň 140-synyň bu belent ada mynasyp bolmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.
Arkadag şäheri — bilimler we ýaşlar şäheri
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnygyny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat bolan kämil sungat eseri — Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Çünki bu şäherde durmuş düzümleriniň sazlaşykly guralmagy bilen birlikde, ýaş nesli kämil ruhda bilimli-terbiýeli edip ýetişdirmek işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, altyn güýzüň ilkinji gününde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler, çagalar baglary talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary, bagtyýar körpeler üçin gapylaryny giňden açdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň gurulmagy ýaş nesillerimize kämil bilim bilen bir hatarda, milli terbiýäni bermekde, olary bilimler dünýäsine, sungat älemine çekmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bir söz bilen aýdanyňda, gaýtalanmajak keşbi arkaly dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken Arkadag şäheri bilimler we ýaşlar şäheridir.
Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär
Ýene-de bir üns çekmeli ýagdaý, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, olary durmuş-sosial taýdan goldamakda we beýleki möhüm wezipeleri guramakda özara tejribe alyşmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň agzalary daşary döwletlerde saparlarda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Hususan-da, bu hyzmatdaşlykda Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle-de dürli döwletler bilen özara gatnaşyklara üns berilýär. Şunda Ýaşlar guramamyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi aýratyn bellenmelidir. Şeýle hem üstümizdäki ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek Strategiýada esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak ýaly çäreler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda, innowasion we sanly tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri berer.
Watançy raýatlary ýetişdirmek biziň baş borjumyzdyr
Görnüşi ýaly, Ýaşlar guramamyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, taryhy özgertmelerini ýaşlaryň arasynda wagyz edip, olary beýik işlere çekmekde, XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy-medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemekde tutanýerlilik görkezýär. Şeýle-de ýaşlarymyzda döredijilik we öz hukugyny goramak başarnyklaryny, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny ösdürmek, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hakyky watançy raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek biziň baş borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda mundan beýläk-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Goý, bizi eşretli zamanada ýaşadýan, ýaşlar hakda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty