​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.11.2023

ADAM HEM TEBIGAT: ÄHLUMUMY ADALGALAR, TUTUMLY BAŞLANGYÇLAR

 

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Şu ýylyò 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli ähmiýet bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda azyk howpsuzlygy boýunça forumy çagyrmak başlangyjy-da öňe sürüldi. Şunuň ýaly strategik çemeleşme howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle başlangyçlar ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmäge hem-de ondan ýerlikli peýdalanmak babatdaky meseleleri sebit derejesinde öňden görüjilikli, oýlanyşykly çözmäge ýardam eder. Netijede, bu ugurda amal ediljek hukuk, ykdysady we guramaçylyk işleri sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdiriler. Has takygy, meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işleri amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da çäklendirmeleri hakynda degişli karary kabul etmek maksady bilen, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn hem-de gaýry netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işler ulgamlaşdyrylar. 

Ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekde umumadamzat bähbitli tagallalary birleşdirmegiň derwaýyslygyna meseläniň ýüze çykan wagtyndan häzirki döwre çenli bu ugurda gazanylan netijeleriň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda antropogen täsirleriň netijesinde, howanyň üýtgemegi ekologiýa meselesiniň ählumumy derejede çözülmegini talap etdi. Alymlaryň pikirine görä, metanyň, esasan-da, kömür turşy gazynyň atmosfera goýberilişiniň göwrüminiň artmagy dünýäde ählumumy maýylganlygyň ýokarlanmagyna getirdi. Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Klimat meselesi boýunça merkezindäki hökümetara bilermenler topary onuň ýagdaýy babatdaky hasabatlary yzygiderli seljerip, aşakdaky netijä gelýär: ХХ asyryň dowamynda Ýer togalagynda gyzgynlyk ortaça 0,6 (+/-0,2) gradus ýokarlandy. Şunda soňky 50 ýylda howanyň maýlamagynyň esasy sebäbiniň adamyň hojalyk işleriniň netijesinde parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ýokarlanmagy bilen baglydygyna üns çekilýär. Bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, bu zyňyndylara, esasan, energiýa zyňyndylary (26%), önümçilikde (19%), ýerler ulanylanda we tokaý hojalygynda (17%), oba hojalygynda (14%), ulagyň ähli görnüşlerinde (13%), aýratyn-da, tokaýlar ýok edilende ýanýan ýangyjyň netijesinde, atmosferada ýygnanan kömür turşy gazynyň konsentrasiýalarynyň artmagy (35%) sebäp bolýar. 

Tebigaty hojalyk işleriniň zyýanly täsirlerinden goramak boýunça ýurdumyzda geçirilýän çäreler yzygiderli maliýeleşdirilýär. Tebigy serişdelerden peýdalanylanda, daşky gurşawy hapalaýjy maddalar zyňlanda we dökülende hem-de galyndylar ýerleşdirilende ýörite çäklendirilen möçberler bellenilýär. Bu möçberiň çäginde ykdysady baha bermek we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak çäreleri, şol sanda tebigaty goramak boýunça işi ykdysady taýdan höweslendirmek milli kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylýar. 

«Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda galyndylary, şonuň ýaly-da arassalanmadyk hapa suwy ýerüsti we ýerasty suw desgalaryna, suw gorunyň ýerlerine, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, tokaý gorunyň, oba hojalyk meýdanlarynyň we beýleki tebigy obýektleriň çäklerine dökmek; gurluşyk galyndylaryny gönüden-göni gurulýan desganyň ýerinde we oňa ýanaşyk çäklerde gömmek; howply galyndylaryň eksporty we importy; howply galyndylary, şäherleriň hem-de beýleki ilatly nokatlaryň golaýyndaky çäklerde, suwarymly ýerlerde, suw desgalarynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynda, suw gorunyň ýerlerinde, şypahana, bejeriş-sagaldyş we dynç alyş zolaklarynda, daşky gurşawyň ýagdaýyna, ilatyň saglygyna howp döredip biljek beýleki ýerlerde gömmek gadagan edilýär. Bu babatda ýuridik we fiziki şahslara önümçiligiň hem-de sarp edişiň galyndylarynyň emele gelmegini azaltmak, olary peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak ýaly zerur çäreleri görmek borjy ýüklendi. Bu işler ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşylyp, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlary bilen kesgitlenen ýerlerde amala aşyrylýar. Şeýlelikde, zyýanly himiki, biologik, radiasiýa, fiziki we beýleki täsirleriň, şeýle hem parnik gazlarynyň ýetirýän täsiriniň öòňüni almak, peseltmek we bes etmek arkaly atmosferany goramak üpjün edilýär. 

Ýeri gelende bellesek, ekologiýa meselesi 1980-nji ýylda halkara derejede giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylyp başlanýar. Halkara tebigaty goraýyş guramalary tarapyndan howanyň üýtgemegi babatda aýratyn çemeleşmeleriň çäginde, Bütin dünýä meteorologiýa guramasynyň goldaw bermeginde, Klimat meselesi boýunça ilkinji bütin dünýä maslahaty 1979-njy ýylda geçirilýär. Şeýlelikde, Klimatyň Bütindünýä Maksatnamasy we Klimaty öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy döredilýär.

Geçen asyryň 80 -  90-njy ýyllarynyň sepgitlerinde howanyň ählumumy üýtgemegi meselesi dünýäniň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Ol halkara guramalar tarapyndan işjeň dowam etdirilip, bu mesele BMG-niň degişli Kararnamalarynda orun alýar. Netijede, «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Wena konwensiýasy (1985 ý.), «Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça» Monreal Teswirnamasy (1987 ý.), «Howply galyndylaryň serhetüsti geçmegine we olaryň aýrylmagyna gözegçilik etmek hakynda» Bazel konwensiýasy (1989 ý.) ýaly wajyp halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Bular bilen bir hatarda, klimat meselelerine garajak ýörite halkara düzümler döredilýär. 1988-nji ýylda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (ÝUNEP) täsirleri bilen Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler topary hereket edip ugraýar. Toparyň işine dünýä döwletlerinden 2,5 müň alym gatnaşýar.

Klimat meselesi boýunça 1990-njy ýylda geçirilen ikinji bütindünýä maslahatynda BMG-niň ýörite rezolýusiýasy kabul edilýär. Onda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýany taýýarlamak babatda ylalaşyga gelinýär. Şeýlelikde, BMG-niň 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara maslahatynda Konwensiýa gol çekilýär. Ol 1994-nji ýylda güýje girmek bilen, birinjiden, howanyň üýtgemeginiň antropogen meselesi bolup durýandygyny mälim edip, ählumumy hereketleriň strategiýasyny taýýarlamagy öňe sürýän çynlakaý çagyryş hökmünde çykyş edýär. Ikinjiden, atmosferadaky parnik gazlarynyň goşundylarynyň derejesini durnuklylaşdyrmakda esasy görkeziji bolup durýar. Üçünjiden, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak işinde ähli ýurtlaryň milli syýasaty ýöretmegine we hyzmatdaşlyk saklamagyna, zyňyndylaryň milli kadastryny (hasabatyny) girizmäge, bu çygyrda hasabatlylygy, özara maglumat we tejribe alyşmalary ýola goýmaga hyzmat edýär. Dördünjiden, döwletleriň howanyň üýtgemegine garşy göreşmeginde «umumy, ýöne deňagramly jogapkärçilik» ýörelgesini berkitdi. Çarçuwaly konwensiýa wagtyň synagyndan geçip, ol häzirki döwürde-de bu mesele boýunça esas düzüji halkara hukuk resminamasy bolmagynda galýar. 

Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyga goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri babatdaky konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, bu resminama degişli Kiota teswirnamasyny, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany görkezmek bolar. 

Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini aýawly saklamaga hem-de yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän halkara ekologiýa hukugy boýunça hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan 2016-njy ýylyň güýzünde Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, onuň düzgünlerini işjeň amala aşyrmaga girişdi. Häzirki döwürde ýurdumyz bu ylalaşyga esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Hut şu maksatlar bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen edarany — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär. Umumadamzat bähbitli pikir-garaýyşlar bolsa dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni