Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň hökmürowanlygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir. Kabul edilenine 28 ýyl dolan bu maksatnama ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda wajyp ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny tutan «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesini hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde berkarar döwletimizde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, ýokanç keselleriň düýpli kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ýerli ösümliklerden we çig mallardan öndürilýän dermanlar hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy muňa doly güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkyň saglygynyň baş baýlyk, milli üstünlik hökmünde kesgitlenilmegi güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş syýasatyny döwlet dolandyryşyň umumy wezipesi hökmünde kanunlaşdyrmaga itergi berýär. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler oňyn netijelere beslenýär. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak üçin dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi.
Häzirki döwrüň talaplaryna görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek hem-de saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa bejeriş-anyklaýyş işleriniň talaba laýyk guralmagyna, lukmanlaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we düzümiň ähli edaralarynyň özara gatnaşygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy boýunça dünýäniň ösen ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy ýaly dünýäniň ösen döwletlerine amala aşyran taryhy saparlarynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça köp taraplaýyn bähbitli meselelere garaldy.
Bu işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän bimöçber aladalary dur. Yzygiderli durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler bilen birlikde hünär baýramymyzy belleýän günlerimizde Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jiltiniň elimize gowuşmagy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durky täzelenilen Saýat, Dänew etraplaryndaky hassahanalarda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatynyň ýola goýulmagy bizi has-da netijeli zähmet çekmäge, Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge ruhlandyrýar. Hemişe öz halkynyň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.
Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.