​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
08.09.2023

ÝAŞLARA BERK YNAMYŇ MIWESI

Ýüreginde berkarar Watanymyza egsilmez buýsanç duýgulary möwç urýan bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana durmuşy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ykbal özgerdiji şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar gu ramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup yklyma doldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň binýadyny has-da berkitdi. Berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarda nazarlaýan belent sepgitleriniň rowaçlyklara beslenmegine ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretdi. 

Ýaşlaryň bagtyýarlygyna, sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilen maýa goýumyny ýurduň geljegi üçin goýulýan iň ygtybarly maýa goýumy hasaplanýan mähriban Diýarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýeten şunuň ýaly belent sepgitleri halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu hakykat ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmeginde mynasyp beýanyny tapýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini ykbal bezegine öwren türkmen ýaşlarynyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze mümkinçilikleriň gapylaryny giňden açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» bu babatda esasy ýol görkezijidir. Onda öňde goýulýan möhüm wezipeler bagtyýar ýaşlarymyz bilen dünýä döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da, ylym, bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ýaly geljegi uly bolan birnäçe ugurlar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga düýpli hem-de netijeli itergi berýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlarynyň dünýä dolan abraý-mertebesiniň öňküden hem belende galmagy üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigini aýdyň görkezýär. 

Ýaşlar eziz Watanymyzyň egsilmez güýjüdir, kuwwatydyr, abraý-mertebesidir hem-de beýik geljegidir. Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkynyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy