​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
29.11.2023

2024-nji ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETI: HALKYMYZYŇ ABADAN WE ROWAÇ DURMUŞYNY NAZARLAP

 

Döwlet býujeti syýasaty islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň we onuň netijeliliginiň üpjün edilmeginde aýgytly orun eýeleýär. Şeýle bolan soň, bu ba batdaky wezipeleri çözmekde, bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda, ony döwrebap ösdürmekde, halk hojalygyny özgertmekde, ählumumy söwda, ylmy-tehni­ki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Geljek ýylda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän bu derwaýys resminama esasynda 2024-nji ýylda edilmeli işler we ýetilmeli sepgitler üçin uly möçberde pul serişdeleri bölünip berler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň dürli sebitlerine wekilçilik edýän deputatlary şeýle gürrüň berdiler:

Jennet ÖWEKOWA, Mejlisiň deputaty:

— Mejlisiň maslahatynda ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Şunda Aşgabat şäheriniň býujeti hem geljek ýyl üçin göz öňünde tutulan syýasy, ykdysady hem-de medeni çärelerden, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýalar we ulag-kommunikasiýalar, söwda hem-de gurluşyk pudaklary emele getirýär. Elektroenergetika, gurluşyk harytlary senagaty, ýeňil we azyk senagaty-da ykdysady ösüşe uly goşant goşýar. Her bir maşgalany ýokary durmuş amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şundan ugur alnyp, şähergurluşyk maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, geljek ýylda Aşgabatda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara jaý gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym we ýagyş suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak we Aşgabat şäherini özgertmek boýunça beýleki desgalaryň gurluşygyna-da aýratyn üns berler. Şonuň üçin şäheriň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 443,1 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim ýokarydyr. Şunda çykdajylaryň 84,5 göterimini jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge, şol sanda 47,4 göterimini bilime, 8,8 göterimini saglygy goraýşa, 1,8 göterimini medeniýete, 41,8 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Ata SERDAROW, Mejlisiň deputaty:

— Döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde, bu gün durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi-de aýdyň görkezýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan hem-de biragyzdan kabul edilen «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunda aýdyň şöhlelenýär. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ka­bul edilmegi bilen, gürrüňi edilýän esasy maliýe resminamasynda ilkinji gezek täze şäheriň býujeti barada aýratyn görkezijiler beýan edilýär.

«Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda jemi 336 bi­na we durmuş maksatly desga gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Onda umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, häkimlikleriň edara binalarynyň, seýilgähleriň, demir ýol, awtoulag menzilleriniň, şäheriň awtoulaglarynyň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de bellige alyş bölüminiň, şeýle-de ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, agyz suw, gaz, elektrik geçirijileriniň we beýlekileriň gurluşygy amala aşyrylar. Şundan ugur alnyp, bellenilen taslamalary ýerine ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şäheriň býujeti «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Hökümetiň beýleki çözgütlerine laýyklykda taýýarlanyldy. Netijede, şäheriň geljek ýyl üçin býujeti 236,7 mil­lion manat möçberinde meýilleşdirildi.

Arkadag şäheriniň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Şunda çykdajylaryň 94,7 göterimi durmuş-medeni ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Şol serişdeleriň 31 göterimini bilime, 48,8 göterimini saglygy goraýşa, 10,1 göterimini medeniýete, 9,7 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Serdar BEGMYRADOW, Mejlisiň deputaty:

— Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun Ahal welaýatynyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ösdürmekde-de aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bilşimiz ýaly, Ahal welaýaty ýurdumyzyň senagat we oba hojalygy babatda ösen sebitleriniň biridir. Welaýatyň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, işçi güýjüniň mümkinçilikleri ykdysady ösüşlere giň ýol açýar. Senagatyň esasy bölegini gaz, elektroenergetika, himiýa, ýeňil senagaty, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar emele getirýär. 2024-nji ýylda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşini we möçberini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk pudagy welaýatyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Geljek ýylda onuň ösüşi ekerançylyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, hasyl berýän ýerleri has-da gurplandyrmagyň we olardan netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýokarlanar. 

2024-nji ýyl üçin Ahal welaýatynyň býujeti 1 658,9 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji 2023-nji ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 7,1 göterim köpdür. Býujetiň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 87,7 göterimi durmuş-medeni ulgamlary maliýeleşdirmäge sarp ediler. Şol serişdeleriň 67,9 göterimini bilime, 16,9 göterimini saglygy goraýşa, 2,3 göterimini medeniýete, 12,5 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna eýerilip, şeýle-de tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Guwanç ÇENDIROW, Mejlisiň deputaty:

— Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Diňe bir şu ýylyň dowamynda ulanmaga berlen durmuş-medeni, önümçilik we beýleki maksatly desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagynda her ýyl üçin kabul edilýän Döwlet býujetiniň ähmiýeti uludyr.

Balkan welaýaty ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Ýangyç, energetika, himiýa toplumlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilikleriniň yzygiderli artmagy ösüşiň täze gözýetimlerini açýar. Üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde we olardan netijeli peýdalanmakda Balkan welaýaty ähmiýetli orny bilen tapawutlanýar. Welaýatda durmuş ulgamyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Degişli döwlet maksatnamalary esasynda 2024-nji ýylda durmuş maksatly binalaryň ençemesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Welaýat boýunça maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde hassahanalaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda gämi duralgasynyň gurluşyklary, suw we lagym geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl üçin welaýatyň býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdiriljek serişdeler hem ünsden düşürilmändir. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 1 538,7 million ma­nat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasynda 9,5 göterim ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler.

Çykdajylaryň 87,2 göteriminiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriljekdigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu çykdajylaryň 52,1 göterimi bilime, 16,8 göterimi saglygy goraýşa, 2,6 göterimi medeniýete, 28,1 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna sarp ediler. Welaýatyň geljek ýyl üçin býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ugra gönükdirilendigini we munuň üçin zerur serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny görkezýär.

Jeren GYLYÇMYRADOWA, Mejlisiň deputaty:

— Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat hem-de oba hojalyk pudaklary emele getirýär. Welaýatyň oba hojalygynda pagtaçylyk we däneçilik ileri tutulýan ugurlar bolansoň, ekerançylykda, maldarçylykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin kabul edilen býujeti sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Geljek ýyl welaýatda düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. Birnäçe durmuş maksatly binalaryň, şol sanda saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, suw we lagym geçirijileriň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary alnyp barlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy-da giň gerimde dowam etdiriler. Şunda aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga uly ähmiýet berler. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Köneürgenç etrabynda haly önümhanasyny ulanmaga bermek, Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisiniň we onuň beketleriniň gurluşygyny dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Geljek ýyl üçin Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 478,5 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasyndan 9,4 göterim ýokarydyr. Şunda çykdajylaryň 91 göterimi durmuş-medeni maksatly ulgamy maliýeleşdirmäge harçlanar. Bu möçberiň 69,5 göterimi bilime, 18,1 göterimi saglygy goraýşa, 2,1 göterimi medeniýete we 10 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. Welaýatyň täze ýyla niýetlenen býujeti sebitiň durmuş-ykdysady wezipelerini durmuşa geçirmäge doly mümkinçilik berer.


 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Mejlisiň deputaty:

— Lebap welaýatynda ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine giň ýol açýar. Sebitiň gaz, nebit, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy düýpli özgerýär. Ýangyç-energetika senagatyň möhüm ulgamynyň biri bolup, onuň paýyna senagat önümçiliginiň 90 göterimi degişlidir.

Welaýatda ilatyň sarp edýän, hususan-da, azyk harytlarynyň öndürilişine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikler ýola goýuldy. Muny has-da ösdürmek maksady bilen, 2024-nji ýylda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alnyp, geljek ýyl welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň ençemesi gurlar. Hassahanalary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, saglyk öýüniň, çagalar baglarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyda dowam etdiriler. Döwlet býujetinde mätäçlik çekýän raýatlara niýetläp, ýaşaýyş jaýlaryna serişdeleriň göz öňünde tutulandygy aýratyn bellärliklidir. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, welaýatyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, senagat we önümçilik maksatly desgalar hem ünsden düşürilmez. Olaryň hatarynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda haly önümhanasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň gurluşyklary bar. Giň gerimli gurluşyk işleri göz öňünde tutulyp, Lebap welaýatynyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 781,1 million manat möçberinde meýilleşdirildi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim köpdür. Welaýata bölünip berlen çykdajylaryň 91,6 göterimini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär. Olaryň 68,7 göterimi bilime, 18,9 göterimi saglygy goraýşa, 2,3 göterimi medeniýete, 9,8 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna degişlidir. 2024-nji ýyl üçin býujet görkezijileriniň göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetmäge doly mümkinçilik berjekdigi ikuçsuzdyr.

 

Merdan ORAZMEREDOW, Mejlisiň deputaty:

— Mary welaýaty tebigy baýlyklara baý senagat-agrar sebit bolmak bilen, elektroenergetika, gaz, himiýa, ýeňil we azyk senagaty kärhanalary ykdysadyýetiň esasy bölegini emele getirýär. Geljek ýylda welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda hassahanalaryň we saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym geçirijileriniň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary bar. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 618,0 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylkydan 8,1 göterim ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Şunda çykdajylaryň 91,2 göterimi durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Olaryň 65 göterimi bilime, 19,5 göterimi saglygy goraýşa, 2,9 göterimi medeniýete, 12,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna bölünip berler. Göz öňünde tutulan serişdeler welaýatyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem durnukly ösmegine ýardam eder.

 

“TÜRKMENISTAN”

29.11.2023ý.