​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.11.2023

WATANYŇ KUWWATY — HALKYŇ DAÝANJY

 

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Döwlet býujetiniň görkezijileri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş maksatly ykdysady özgertmeleri maliýeleşdirmäge zerur serişdeleriň üpjün edilmegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. 

2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102  313,5 million manat möçberde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejileri we çykdajylary boýunça 22 096,2 million manat möçberde meýilleşdirildi. 

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Türkmenistanyň milli maksatnamalaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky tapgyry öz içine alýar. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde 2024-nji ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzüldi. Onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

2024-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda öňde baryjy tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, senagat pudaklaryny ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar. Bäsdeşlik amatlyklaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri guramak we eksportyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek göz öňünde tutulýar. 

Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý ýurt hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns degişli bolup durýar. Geljek ýylda ýurdumyzyň çäklerinde nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, önümçilik pudaklarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksat edinilýär. 

Geljek ýyl ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek we işjeňleşdirmek üçin döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek we jemi içerki önümde döwlete degişli däl eýeçiligiň paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şeýle hem sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegi, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy göz öňünde tutulýar. 

Ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy