​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.11.2023

ZEMINIŇ ÝAŞYL DÜŞEGI

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde Saýat etrabynyň gallaçy daýhanlary 27 müň 766 gektar ýere bugdaýyň ýokary ha­syl berýän görnüşlerini ekip, doly gögeriş aldylar. Şu günler ýaşyl maýsalara ideg işleri dowam etdirilýär.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň has ýokary hasyl berýän tohumlary ekmek baradaky tagallalary saýatly gallaçylary hem diýseň begendirdi. Ýakynda tamamlanan ekiş möwsüminde etrapda 11 müň 778 gektardan gowrak ýere Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseýiç» görnüşiniň saýlantgy arkasy ekildi. 15 müň 466 gektar ýerde bolsa şu görnüşiň birinji arkasy endigan boý alyp otyr.

Bugdaýyň şu görnüşinden ýokary hasyl alyp bolýandygyna etrabyň gallaçylary şu ýyl öz tejribesinde göz ýetirdiler. Özüne berkidilen ýerde «Alekseýiç» görnüşli tohumy eken kärendeçileriň arasynda her gektardan 45-50 sentnere çenli ýetirip hasyl alanlary juda kän bol­dy. Etrabyň ekerançylyk ýerlerinde ýene-de bugdaýyň şu görnüşiniň tohumlyk çigidiniň ýüzlerçe tonnasy ekildi. Bu görnüşiň bol hasyl berjekdigine daýhanlaryň ynamy ýetik. Ýeri gelende aýtsak, etrapda 521 gektar ýere ýerli tohum ekildi.

Etrabyň «Watan» daýhan birleşigindäki ýaşyl maýsalar 675 gektar meýdana uzaýar. Şunça ýeriň 300 gektaryna «Alekseýiç» görnüşiniň saýlantgy, 375 gektaryna bolsa birinji arkasy ekildi. Hut şu görnüşli tohumyň geçen ýylda ekilen ýerleriniň her gektaryndan Gaýgysyz Soltanow, Azat Altybaýew, Bagtyýar Paşagulyýew ýaly kärendeçiler 45-50 sentnere çenli ýokary hasyl aldylar.

Şu günler etrabyň gallaçy daýhanlary ekine gögeriş suwuny bermek işini doly tamamladylar. Gyşyň bosagasyndaky günlerde ekin haşal otlaryň garşysyna dermanlanylyp, karbamid döküni berilýär. Şeýle hem etrapda ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Saýatly gallaçylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenjek ýyly zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, «Lebapgallaöniimleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.