​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.11.2023

TAGALLALAR — HALKYŇ BÄHBIDINE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Watanymyzyň ösüşleriniň binýady barha pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň halkara abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden oňlanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Merjen paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletlilik ýörelgesiniň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň uly üstünligidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýä döwletleriniň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikilenji gezek biragyzdan kabul edilmegi, daşary ýurtlaryň 47-siniň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi güneşli Diýarymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny äşgär edýär. Şöhratly taryhymyzda iňňän uly ähmiýete eýe bolan 12-nji dekabryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegide ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berk berjaý edip, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly ýurdumyzyň halkara giňişligindäki mertebesi has-da beýgelýär. Bu günki gün berkarar Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalyp, öňdebaryjy ýurtlaryň, dünýä belli kompaniýalaryň ýüzlerçesi bilen köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýändigi biziň her birimiziň kalbymyzy şatlandyryp, başymyzy Göge ýetirýär.

Ýurdumyz diňe bir sebitiň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm orny eýeleýär. Muňa ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky medeniýet ojaklarynda hem-de Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň 2023 -2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabrda Bütindünýä Durnukly ulag gününiň bellenilmegi bu şanly senäniň baýramçylyk ruhuny, toý joşgunyny has-da artdyrdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 28 ýyl dolýar. Welaýatymyzyň ähli edara-guramalarynda bu şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda giň gerimli çäreler guralýar. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, parahatçylyksöýüjilikli halkara diplomatiýasynyň umumadamzat ähmiýeti giňişleýin wagyz edilýär.

Biz ata Watanymyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň bähbidine gönükdirilen tagallalary üçin köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris.

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.