Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şeýle buýsançly şygar bilen golaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly senesini hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksadynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary — Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Kakamämmet Nepesow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Ogulşad Durdymedowa, şäher halk maslahatynyň agzalary - Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiri Öwez Wellekow, Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Ýazgül Joşowadagy gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda oňyn Bitaraplyk ýörelgämiziň esasynda, geçen 28 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan üstünlikleri dogrusynda pikir alşyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmeginiň tutuş Ýer ýüzünde örän ähmiýetli waka öwrülendigi uly buýsanç bilen aýdyldy. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi türkmen Bitaraplygynyň gudratyna mizemez beýiklik hökmünde garaýar. Çünki Bitaraplygyň esasynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň mazmunynda halklaryň arasynda parahatçylygy, raýdaşlygy, oňyn hyzmatdaşlygy, işjeňligi ösdürmek, dünýä halklaryny bir maksatda jemlemek ýaly asylly başlangyçlar öz beýanyny tapýar. Onuň şeýledigi ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden adamzadyň ýaşaýşy we geljegi üçin zerur bolan ugurlarda tagallalary birleşdirmek babatdaky öňe süren ajaýyp başlangyçlarynda hem aýdyň görünýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin hem täsirli gürrüň edildi. Milli parlamentiň, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň wekilleri hökmünde döwletimiziň milli gymmatlyklarynyň ähmiýetini we gymmatly netijelerini giňden wagyz etmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmajakdyklary aýdyldy hem-de ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.
Baý many-mazmunly geçen söhbetdeşlik ýurdumyzyň toý-baýramly günleriniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi.