Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gümrük ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararlaryna laýyklykda, «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022—2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Gümrük kodeksi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 2010-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksi häzirki wagta çenli yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär.
«Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna hem-de elektron ulgamlaryň üsti bilen maglumatlary alyşmagyň we olaryň elýeterliligini üpjün etmegiň zerur kanunçylyk binýady emele getirilýär. 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kodekse «Gümrük işindäki maglumat ulgamlary we maglumat tehnologiýalary» atly täze babyň goşulmagy bilen, gümrük işinde maglumat ulgamlarynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda maglumat alyş-çalşyň elektron usuly esasynda işlenilip taýýarlanylmagy, döredilmegi hem-de ulanylmagy bilen bagly anyk kadalar göz öňünde tutuldy. Şol ýylyň 24-nji iýulynda «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly täze madda goşuldy hem bu işleri alyp barmagyň kadalary beýan edildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň üçünji maslahaty bolup geçdi. Maslahatda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bellärliklidir. Kabul edilen bu Kanuna laýyklykda, gümrük taýdan resmileşdirilmegi ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek, daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapdan gümrük kanunçylygynyň berjaý edilişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, 24-nji bapdan soňra, dokuz maddadan ybarat bolan täze «Ygtyýarly ykdysady operator» atly bap hem goşuldy.
Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin amala aşyran iş saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Halk ýygnaklar öýünde geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine, milli önüm öndürijileriň çykarýan önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen daşary ykdysady, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ýardam eder.
Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy