​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
11.12.2023

HEMIŞELIK BITARAPLYK: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÜRKMEN ÇEMELEŞMESI

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär.

 

 Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeleriň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti kemala geldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň amal edýän döwletli tutumlary türkmeniň aslyna, ýörelgelerine, türkmençilige, milliligine, medeniýetine, döreden gymmatlyklaryna aň ýetirmäge, olara çuňňur aralaşmaga iterýär. Çünki Milli Liderimiziň her bir işi, her aýdýan parasatly sözi türkmen halkynyň ykbaly, bagtyýar durmuşy, gazanan beýik üstünlikleri, röwşen geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Arkadagymyz watandaşlarymyzy şol ösüşlere tüýs ýürekden buýsanmaga, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny aýawly saklamaga we dünýä ýaýmaga çagyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzyň her bir jähetinde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk derejämizi tassyklaýan jümlelerdir alamatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Döwlet baýdagynda, Döwlet senasynda orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ilerletmekde, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýan Bi­tarap döwletdir. Bu gün Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň halkara giňişlikde goldaw tapýan möhüm başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň güwäsidir. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan şol başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren wajyp teklipdir başlangyçlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy guramanyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda howpsuzlyk meselesine aýratyn ünsi çekip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Bu resminama guramanyň gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmak; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogy medeniýetini berkitmek ýaly iş ugurlaryny hem öz içine almalydyr.

Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe-ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.

Jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz çykyşynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berip, ýakyn ýyllarda BMG-niň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda Türkmenistanyň möhüm howa we ekologiýa meselelerini çözmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleler aýratyn bellenildi. Biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak üçin umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar. Şunda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler muňa mysal bolup biler. Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag babatda öňe süren başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, taryhda ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli BMG-niň howandarlygynda Ženewada ýokary derejeli maslahatyň, paýtagtymyz Aşgabatda hem utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyň guralandygyny nygtamak gerek.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we sarp edilýän zerur önümlere import garaşlylygyny azaltmak boýunça möhüm çäreler amala aşyrylýar, gymmatly tejribe toplanyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. «COVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. Şona görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi. Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde öz wekilçiligini giňeldýär. Ýurdumyz Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň hem köpüsiniň agzasy bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň pugtalanýandygyny, abraýynyň barha beýgelýändigini tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi 2023-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan şeýle işleriň aňyrsynda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky hakykat dur. Bu gün ildeşlerimiz röwşen geljegine ynamly garaýar. Halkymyz parahat, bolelin, abadan durmuşda ýaşaýar. Täze taryhy döwrümizde döwletimiziň ykdysadyýeti kuwwatlanyp, ösüş depginlerimiz gün-günden ýokarlanýar. Bularyň ählisi halkymyzyň uly ynamy bilen mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň esaslaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mümkin boldy.

Parahatçylyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak arkaly ýetilýän üstünlikdir. Adamzadyň taryhy ösüşe, abadançylyga we bagta ýetmekde parahatçylykdan başga ýoluň ýokdugyny aýdyň görkezýär. Bu beýik sütüni döretmek bolsa diňe diplomatiýa bilen, diplomatik ýörelgelere eýerýän beýik şahsyýetler bilen amala aşyrylýar. Ýadyňyzda bolsa, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda ilkinji gezek çykyş edende, Milletler Bileleşigine Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary, biziň kuwwatymyz we geljekki mümkinçiliklerimiz barada habar beripdi. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyz bütin adamzada dahylly meseleleri çözmegiň ýollaryny teklip etdi. 2011-nji ýylda Baş Assambleýanyň 66-njy sessiýasynyň belent münberinden «Ösüş arkaly parahatçylyk», 75-nji sessiýasynda bolsa «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgelerini öne sürdi. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Dine parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygymyzy men öwran-öwran gaýtalaýaryn» diýip belleýär. Hakykatdan-da, türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary.

Ömrüniň manysyny halka gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, şol asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dine bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Zeminiň ähli halklarynyň abadan, rowaç durmuşyny nazarlaýar. Goý, parasatly taglymatlary, beýik başlangyçlary bilen döwletimizi, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öne alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty.