Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri aýdyň äşgär edýär.
Beýik şahyr Magtymguly atamyzyň soňky nesillere miras galdyran eserleri terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihallalyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary häzirki döwürde-de gadyr-gymmaty bilen haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aňynyň bir suprada taýýar-kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär.
Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”.
Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Munuň özi taryhy senäniň iňňän uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Arslan ÇARYÝEW.
Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.