Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.
Döwletimiz suw, energetika meseleleri, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda wajyp başlangyçlary öňe sürýär, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Ýurtlaryň öz mümkinçiliklerini adalatly, aýanlyk ýagdaýynda görkezmek bilen, diňe ol ýa-da beýleki döwletleriň, şu günki günüň däl-de, bütin adamzadyň we onuň geljekki nesilleriniň hem bähbitlerini hasaba alyp hereket etmelidiklerini öňe sürýär. Şeýle çagyryş BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hem mazmunyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen, bu ugurda gazanylan üstünlikler ählumumy maksatlara ýetmekde ýurdumyzy öňdäki orunlara çykarýar.
Islendik döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şuňa laýyklykda, ol ýa-da beýleki ýurduň dünýä giňişliginde şygar edinýän maksatlary we iş ýüzündäki ädimleri onuň daşary syýasy ugrunyň düýp mazmunyna düşünmegiň açarydyr. Türkmenistan jemgyýetde, içeri syýasatda parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, sabyrlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek, durmuşa geçirmek bilen, bu düşünjeleri dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryna-da netijeli ornaşdyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi bu babatda, gürrüňsiz, başga bir zat bilen ýerini çalşyp bolmajak möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesi onuň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünlerine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmasy bolup durýar.
Ýurdumyz ösüşiň täze-täze belentliklerine ýetýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde döräp biläýjek her bir çylşyrymly ýagdaýy kadalaşdyrmak, parahatçylykly ýollar bilen ykdysady ösüşleri gazanmak, halklaryň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, ýaragsyzlanmak hem-de ýaraglaryň möçberlerini azaltmak babatda sebit işlerine ýardam bermek ýaly örän möhüm meselelerde BMG bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Türkmenistan halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyr. Diňe hyzmatdaşlyk, özara jogapkärçilik, bilelikdäki tagallalar arkaly hereket etmek bilen, adamzat üçin rahat, eşretli durmuşy döretmek, howpsuzlygyň durnukly gurluşynyň esaslaryny berkitmek mümkindir.
Türkmenistanyň tejribesinde Bitaraplyk syýasaty köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Ýurdumyzyň bu derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy bilen has-da pugtalandyrylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi ýurdumyzyň we adamzadyň taryhyna hemişelik ýazylan wakalardandyr. Bitarap Türkmenistan öz ynsanperwer syýasaty bilen dünýäniň taryhyna, ine, şeýle öçmejek sahypalary ýazýar.
Türkmenistan sebit we dünýä üçin wagty ýeten, örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda giň gerimli, wekilçilikli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi möhüm geosyýasy, geoykdysady mümkinçilikleri nazara almak bilen, adamzadyň geljegine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylalaşykly çemeleşmeleri, özara gabat gelýän pikir garaýyşlaryň synagdan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen-de anyk we strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mydama görkezip gelýär. Şunda ähli ýagdaýlar toplumlaýyn nazara alynýar, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýady döredilýär, bilelikdäki iş üçin şertler nazara alynýar.
Ýurdumyz daşary syýasatynda parahatçylyk dörediji ornuna berk ygrarly bolup, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde düýpli ykdysady wezipeleri ynsanperwerleşdirýär. Zeminiň ummasyz tebigy baýlyklary owalynda adamzada ägirt uly peýda getirmäge, onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda, ilkinji nobatda, bu baýlyklary düşünjelilik, birek-birege hormat goýmak, abadançylyk ýoly bilen ulanmagy başarmak zerurdyr. Bu babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, öňe sürýän garaýyşlary üýtgewsizdir: agzybirlikli, akylly-başly, mert gatnaşyklar bolmazdan, hiç bir taslamanyň-da, iň gowy we oňyn başlangyjyň-da amala aşyrylyp bilinmejekdigi düşnüklidir. Diňe ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, özara düşünişmek bilen, adamzat öz beýik maksatlaryna ýetip biler.
Ählumumy rowaçlygy, röwşen geljegi nazarlaýan belent maksatlaryň amal bolmagynda köpugurly işleri durmuşa geçirýän, bagtly, abadan ýaşaýşyň aýdyň ýoluny döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mydama rowaçlyk arzuw edýäris.
Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agrasy.