​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
19.12.2023

RYSGAL – BEREKEDIŇ ÝYLY

 

Dün­ýä­niň köp ýurt­la­rynda hä­zir­ki wagt­da mi­la­dy ýyl ha­sa­by ýöredil­ýär. Se­ne ha­sa­by­ny ýö­ret­me­giň bu gör­nü­şi öz göz­ba­şy­ny Ýu­liý se­ne­na­ma­syn­dan alyp gaýdýar. Ýu­liý Se­zar biziň eý­ýa­my­myzdan öň­ki 46-­njy ýyl­da Ri­miň iň ýo­ka­ry hökü­met iş­gäri hök­mün­de ta­ry­ha gir­ýär. Onuň senena­masynda­1­ ýyl 365 gün­ 6 ­sa­gatdan ybarat bolup, 12 aýa bölünýär. Ýylyň ba­şy­ 1-­nji ýan­war­dan baş­lan­ýar, 31-­nji de­kabr­da bol­sa tamam­lan­ýar. Rim ser­ker­de­si Gaý Ýu­liý  Se­zar ýurt­da Ýu­li­an, ýag­ny gün se­ne­na­ma­sy­ny gi­ri­zip­dir. Bu se­ne­na­ma­da­ky kä­bir ýal­ňyş­la­ry düzetmek üçin Rim pa­pa­sy Gri­go­riý ХIII 1582­-nji ýyl­da ýö­ri­te to­par döred­ýär. Bu to­pa­ryň ka­rary bi­len ýy­lyň uzak­ly­gy 365 gün­lü­gi­ne gal­ýar. Ar­tyk­maç gid­ýän­ 3­ gü­ni her 400 ýyldan aýyr­ma­gy, özem gün­le­ri 4-­e­ bölün­me­ýän asyr­lar­dan aýyr­ma­gy ka­rar ed­ýär. 

Bir­le­şen  Mil­let­ler Gura­ma­sy­nyň 1954­-nji  we 1956-­njy ýyl­lar­da ge­çi­ren 18-­nji we 21-­nji ses­si­ýa­laryn­da Bü­tin­dün­ýä se­ne­nama­sy­na seredi­lip ge­çil­ýär. Ýy­ly 12 aýa bö­lüp, 365 günli ýyly bel­le­ýär­ler, uzak ýy­ly belle­mek­-366 gün­li ýy­ly belle­mek, aý­la­ry hep­dä böl­mek (hepde ­ 7 ­ gün bolmaly) ykrar edil­ýär. Şeý­le­lik bi­len, mi­la­dy ýyl ha­sa­by kem-kemden kä­mil­leş­ip, häzirki görnüşine gelýär. 

Ýer şa­ry­nyň ag­la­ba böle­gin­de 31-­nji de­kabr­dan 1-­nji ýan­wa­ra geçi­len gi­je­de Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­mak dä­be öw­rül­di. 

Öň­den däp bol­şy ýa­ly, türk­men­çi­lik­de Tä­ze ýyl haý­sy haý­wa­nyň ady bi­len gel­ýän bol­sa, şol haý­wa­nyň hä­si­ýe­ti­ne gö­rä, ýy­lyň nä­hi­li boljak­dy­gy ba­ra­da çak­la­ma ýö­rel­ge­si­ni ata­-ba­ba­la­ry­myz ir dö­wür­ler­den bä­ri do­wam et­di­rip­dir­ler. Gel­jek ýy­lyň luw ýy­ly bol­ma­gy ýe­ne bir bereke­de we bol­çu­ly­ga baý ýyl­la­ryň bi­ri­niň bol­jak­dy­gyny ha­bar ber­ýär. 

Türk­men halk dö­re­di­ji­ligin­dä­ki er­te­ki­ler ýö­ne ýer­den dö­re­me­ýär. Ola­ryň aň­ry­synda yn­san dur­mu­şy, ni­ýe­ti, arzu­wy ýa­tyr. «Akyl­ly Ahmet» halk er­te­ki­sin­de der­ýa­nyň ba­lyk­la­ry­nyň dür­le­ri alyp çyk­ma­gy, Ah­me­diň emel bilen alyp gal­ma­gy eg­sil­mez rys­ga­lyň ny­şa­ny. Ga­ryp oglanyň gal­kyn­ma­gy­nyň keş­bi­niň be­ýa­ny­dyr. «Ço­pan og­ly» at­ly türkmen halk er­te­ki­sin­de ço­pa­nyň og­ly al­da­wa dü­şüp, da­gyň üs­tün­de çyk­gyn­syz ýag­daý­da gal­ýar. Og­lan öz ýa­nyn­dan «Me­niň etim gurt-guşla­ra ýal bo­lan­dan, der­ýada­ky ba­lyk­lar iý­sin» di­ýip, özü­ni der­ýa oklap, ba­ly­gyň kö­me­gi bi­len ha­las bol­ýar. Mu­nuň özi ba­ly­gyň gowy häsi­ýe­ti­ni, yn­sa­na bo­lan ýakyn­ly­gy­ny aň­lad­ýar. Diýmek, ba­lyk be­re­ke­di, bagt­ly dur­mu­şy aň­lad­ýar. Ata-­ba­bala­ry­my­zyň aň ele­gin­de eý­lenen nakyl­lar­da hem ba­ly­gyň hä­si­ýet­le­ri açylyp görkezilipdir. «Ba­lyk iý­se, guý­ru­gy sem­rär», «Ba­ly­gyň di­ri­li­gi suw bi­len», «Köl ba­ly­gy­ —­ il baýlygy», «Ba­ly­gyň özi suw­da bol­sa­da, gö­zi gyr­da» ýa­ly ba­lyk bi­len bag­ly on­larça na­kyl­lar bar. 

Her bir tu­tan döw­let­li işiniň ba­şy­ny aý-­gün ha­sa­by bi­len baş­la­mak türk­men halky­nyň has ga­dy­my ada­ty­dyr. Gün­do­gar se­ne­na­ma­syn­da geljek ýy­lyň reň­ki ýa­şyl reňk ha­sap edil­ýär. Şun­dan çen tut­saň gel­jek ýyl şow­lu­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň ýy­ly bolar. Bu ra­hat­ly­ga, be­re­ke­de ymtylyş­dyr. Luw ýy­lyn­da edi­len iş­le­riň eg­sil­mez bere­ke­di bo­lar, üstünlik­le­riň, ro­waç­lyk­la­ryň ge­ri­mi has­da giňär. 

Tä­ze ýyl­da hor­mat­ly Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň äh­li tu­tumly iş­le­ri­niň ro­waç al­ma­gy­ny, janla­ry­nyň sag, baş­la­ry­nyň dik bol­ma­gy­ny ar­zuw edýä­ris. Eziz il­deş­ler, Tä­ze ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun! 

 

Maral GARAGULOWA, 

Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy,  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.