Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilmeginiň netijesinde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde haryt öndürmek ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda öndürilen ekologik taýdan arassa dokma önümleri, ajaýyp halylar, nebitgaz, nebithimiýa, obasenagat toplumlarynyň önümleri daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň görnüşleriniň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn işleriň miwesidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredilip, «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 – 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň gujur-gaýraty, döredijilikli pikirleri jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendirijisidir. Bu hakykat telekeçilik babatda-da üýtgewsizdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan halatynda olara döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren başlangyçlary hem ýaş nesliň gujur-gaýratyny Watanymyzyň ykdysady galkynyşyna gönükdirmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy hem hususy pudakda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ösdürmekde kämil hünärmenleriň üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary,
Mejlisiň deputaty.