Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işlere tüýs ýürekden buýsanýarys, çünki halk bähbidini nazarlaýan işler abadan ýaşaýşymyza gönükdirilip, ýurdumyzyň aýdyň ösüşiniň kepilidir. Halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan asylly ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz ösüşleriň berk binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy, has-da belende göterilmegi ugrunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly tagalla edilýär. Bularyň hemmesi halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar.
Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň belent mertebesi dünýäde has-da dabaralanýar. Ýakynda Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi häzirki ösüşli döwrümizde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny, mynasyp ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Türkmen halky hemiňe kämilligi, ajaýyplygy kemala getiripdir, asylly ýörelgesi bilen milli gymmatlyklary döredipdir. Ahalteke bedewi hem halkymyzyň buýsanjy, guwanjy bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda atlary seýislemek, bezemek sungaty kämil derejelere ýetirilip, bu ugur has-da sünnälenip gelnipdir. Şonuň üçin hem halkymyzyň bu sungat derejesine göterilen ýörelgesi nusgalykdyr diýip belläsimiz gelýär. Hut «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu ugruň nusgalykdygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ahalteke bedewlerine berýän ünsümiz mirasymyza uly sarpa goýýandygymyzdan nyşandyr. Mirasa göz ýetirmegiň, oňa juda aýawly çemeleşmegiň döwletlilik getirýändigi biziň kalbymyzda ornan ynamdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, türkmen atşynaslary arassa ganly behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek işlerini tebigat bilen sazlaşykda ýerine ýetiripdir, has-da kämilleşdiripdir. Olar atşynaslygyň gadymy ýollaryny kämil derejä ýetirip, şu günki güne çenli hem olaryň arassalygyny saklapdyrlar.
Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, behişdi bedewlerimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.