Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýurdumyzda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy üçin uly möçberde maýa goýumlar goýulýar. Bu babatda milli maksatnamalardyr iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» we pudaklaýyn maksatnamalar her ýylda kabul edilýän esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujeti hakynda Kanunyň esasyny düzýär. Bu hukuk resminamasy bilen, Watanymyzy 2024-nji ýylda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň maliýe ugurlary kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň on aýynyň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi. 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda degişli kanun taslamasy deputatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan goldanylyp, kabul edildi. Kanuna hormatly Prezidentimiziň gol çekmegi bilen, ol metbugatda çap edildi. Onuň görkezijileri barada aýdylanda, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň umumy girdejileri 102 313,5 million manat möçberinde göz öňünde tutulýar. Býujetiň I derejesiniň girdejileri, ýagny salgytlar we býujete geçirilýän beýleki tölegler boýunça serişdeleriň gelip gowuşýan möçberi 32 865,0 million manat möçberde meýilleşdirilip, 2023-nji ýyl üçin tassyklanan derejesine garanyňda, 12,8 göterim ýokarydyr.
Hususy telekeçilere ähli taraplaýyn goldaw berlip, hususy pudagyň ösüşi üçin ähli şertler döredilýär. Kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlete dahylsyz bölegiň paýyny geljek ýylda 71,4 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmegi netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,6 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem artar.
Döwlet býujetinde umumy çykdajylar 102 313,5 million manat möçberinde göz öňünde tutuldy. I derejeli çykdajylar barada aýdylanda, 32 865,0 million manat möçberinde meýilleşdirilip, olaryň köp bölegi raýatlaryň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş şertleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler. Durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň tutýan paýy 77,3 göterim göz öňünde tutulan. Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin serişdeler Prezident maksatnamalarynda meýilleşdirilen çärelere gönükdirilmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün eder.
Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar. Birinji synpa barjak mekdep okuwçylaryny netbuk kompýuterleri bilen üpjün etmek üçin ýörite serişdeler göz öňünde tutulan. Kanunda: «Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr» diýlip aýratyn bellenilmegi ilatyň durmuş goraglylygynyň kepili hökmünde ertirki güne ynamy has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyndan gelip çykýan, asylly däbe öwrülen sahawatly resminama esasynda geljek ýylyň başyndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Kanundan görnüşi ýaly, merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäheriniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 986,2 million manat möçberde serişdeler bölünip berler. Ýerli býujetiň umumy möçberi 13 755,0 million manat bolar. Şol sanda, Aşgabat şäheriniň býujeti 2 443,1 million manat möçberde meýilleşdirilip, bu görkeziji 2023-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim ýokarydyr. Arkadag şäheriniň býujeti 236,7 million manat möçberinde meýilleşdirilen. Ahal welaýatynyň býujeti 1 658,9 million manat bolup, ol üstümizdäki ýyl bilen deňeşdirilende, 7,1 göterim, Balkan welaýatynyň býujeti 1 538,7 million manat möçberde bolup, şu ýyl bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 478,5 million manat möçberde kesgitlenip, şu ýylkydan 9,4 göterim, Lebap welaýatynyň býujeti 2 781,1 million manat möçberde bolup, 2023-nji ýyldakysyndan 9,2 göterim ýokarydyr. Mary welaýatynyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 618,0 million manat möçberde meýilleşdirilip, ol 2023-nji ýylyňky bilen deňeşdirilende, 8,1 göterim ýokarydyr.
Bilşimiz ýaly, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, oňa döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesi berildi. Esasy maliýe resminamasy bolan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ilkinji gezek bu şäheriň býujeti barada görkezijiler beýan edilen.
Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady syýasatynda maýa goýum işjeňligi uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üçin ýeterlik maliýe serişdeleri goýberilýär. Maýa goýum maksatnamasy senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giň gerimde ýola goýulmagyna, eksporta gönükdirilen hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňeldilmegine, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýär.
Ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik maksatly desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberinden 67,8 göterimi, önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterimi harçlanar. Geljek ýylda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginler bilen dowam etdiriler. Hassahanalaryň we saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şol sanda ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin jaýlaryň, täze obalaryň, awtomobil ýollarynyň, suw we lagym, gaz, elektrik geçirijileriniň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary göz öňünde tutulan.
«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şeýle hem sebitleriň batly depginler bilen sazlaşykly ösdürilmegini, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi tutumly maksatlara hyzmat etmek bilen, ýurduň ykdysady ösüşiniň, halkyň abadançylygynyň ygtybarly binýadyny has-da berkider.
Guwançmyrat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler
baradaky komitetiniň başlygy