​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
21.12.2023

MÖHÜM WAKANYŇ ÄHMIÝETI

 

Ösüş-özgerişleriň aýdyň ýol bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler amala aşyrylýar. Şu syýasatyň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň bilim-terbiýe almaklarynda, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerinde uly işler bitirilýär. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri we talaba laýyk dynç almaklary ugrunda uly tagallalar edilýär. 

Ýaşlar baradaky alada üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagam ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-18-nji noýabrynda welaýat merkezimiz Mary şäherinde geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly ýaşlar forumy hem şanly ýylymyzyň möhüm wakasy boldy. 

Gadymy Mary topragynda Orta Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu forumyň adyndan mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamynyň uly geljeginiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hem-de şu foruma gatnaşan daşary ýurtlaryň ýaşlaryna degişlidigini äşgär etdi. Forumyň barşynda atlary agzalan ýurtlarda ýaşlar barada alada edilýändigi, şu meselede bilelikdäki tagallalaryň ýerine düşjekdigi, ýaşlaryň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitli taraplary dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Aýratynam, forumyň çäklerinde guralan “Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň meseleleri” atly işewürlik ertirligi hem uly ähmiýete eýe bolup, ýaşlar babatda alnyp barylýan degerli işleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygy bellenilip geçildi. “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly bu forum sebitiň ýurtlarynda we HHR-de ýaşlaryň uly orun tutup, olara ähli ugurlarda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň subut etdi. Şeýle hem bu möhüm waka oňa gatnaşan ýurtlaryň ýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmäge täze mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir. 

Welaýat merkezimizde geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forum Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi. Esasanam, ýaşlar syýasatynyň ynamly gadamlarynyň batlanýandygyna aýdyň mysaldyr. 

Atamyrat KÖSSEKOW. 

Sakarçäge etrap pensiýa gaznasy bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.