Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
2023-nji – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalary, düýpli öňegidişlikleri bilen galkynyşly döwrümiziň taryhynda we ildeşlerimiziň kalbynda öçmejek yz goýup, tamamlanyp barýar. Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere beslendi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ylymly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi hem-de sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy ugrunda düýpli özgertmeleriň başyny tutdy. Şuňa laýyklykda gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda halkara derejesindäki giň gerimli çärelere badalga berildi, toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ylym-bilimden ýüki ýetik, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaga, döredijilikli işlemäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çäklerindäki ýokary we orta okuw mekdepleriniň sany yzygiderli artdyrylýar. Olary häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini döretmek dowam etdirilýär.
Geçip barýan ýyl ýurdumyzyň bilim işgärleri, okuwçy we talyp ýaşlar üçin şatlykly wakalara iň baý ýyllaryň biri boldy. Güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda gadymy Lebap topragynda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň 9-synyň bir bada açylyp, ulanylmaga berilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy ýylymyzyň şanyna şan, watandaşlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Biri-biriniň üstüni ýetirýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir raýatyň mynasyp durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň geljeginiň mundan-da şuglaly bolmagy hakynda edýän hossarlyk aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde häzirki wagtda ylym-bilim edaralarynyň işine innowasion usullarda okatmagyň iň häzirki zaman ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Hut şunuň netijesinde türkmen ýaşlary halkara we dünýä derejelerindäki ylym-bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda ýokary derejeleri eýeleýärler. Dünýä ylmynyň gazananlarynyň ýaşlar üçin elýeterli edilmegi, halkara ylmy jemgyýetçiliginde türkmen alymlarynyň öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryna amatly şertleriň döredilmegi netijesinde milli ylym-bilim ulgamymyz rowaçly menzilleri külterleýär. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, alymlaryň tagallalaryny ylmyň iň möhüm, geljegi uly ugurlaryna gönükdirmek ýaly döwrüň öňe sürýän talaplaryndan ugur alnyp, bu ulgamda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylym ulgamynda üstünlik gazanmagyň derwaýys şerti halypa alymlaryň we ýaş nesliň arasynda sazlaşykly baglanyşygy ýola goýmakdyr. Ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşikleri, döwlet Baştutanymyzyň ýaş alymlary, başarnykly talyplary we okuwçylary ylmy işleri alyp barmaga çekmek barada berýän tabşyryklary bu sazlaşygyň ilerlemeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Her güni şanly wakalara, ajaýyp üstünliklere beslenen 2023-nji ýylda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary ugrunda döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geljek ýylda hem halkymyza şanly ösüşler, ýeňişli üstünlikler, belent maksatlar hemra bolsun! Milli Liderimiziň we belent mertebeli hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Intizar AWLÝAKULYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.