​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.12.2023

YNSANPERWER ÝÖRELGELER

 

Ýurtda ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegi we deň goragyny kepillendirmegi bolup durýar. Eýeçilik hukugy ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny emele getirmek bilen, raýatlaryň şahsy durmuş-ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şu jähetden, eýeçilik hukugyny jemgyýetiň bähbitlerinden ugur alyp, kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmagyň usullaryny we hukuk goragyny berkitmegiň ähmiýeti örän uly. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň el degrilmesizdigi, döwlet eýeçiliginiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýänligi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýänligi kesgitlenendir. 

Kärhanalaryň zähmet gatnaşyklarynda kärhananyň eýeçiligindäki emlägi aýawly saklamak we ony zyýanyň ýetirilmeginden goramak üçin, maddy jogapkärçiligiň uly ähmiýeti bar. Işçileriň, gullukçylaryň işleýän ýerine ýetiren maddy zyýany barada jogapkärçilik edarada, kärhanada, guramada kärhananyň emlägini gorap saklamak üçin hukuk serişdeleriniň biri hökmünde hyzmat edýär. Bu babatda zähmet gatnaşyklarynda iki tarapyň (iş berijiniň we işgäriň) hem jogapkärçiligi kanunçylykda berkidilendir. Zähmet şertnamasynyň taraplary bolan iş beriji ýa-da işgär öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmezligi, seresapsyzlygy bilen beýleki tarapa ýetiren zyýany üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen düzgünler boýunça onuň öwezini dolýar. Şeýlelikde, zähmet gatnaşyklarynda iş berijiniň ýa-da işgäriň maddy jogapkärçiligi ýüze çykýar. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde işgäre zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda ýa-da onuň zähmet çekmek mümkinçiliginden bikanun mahrum edilmegi netijesinde, iş beriji tarapyndan öweziniň dolunmalydygy göz öňünde tutulandyr. Şu netijeleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, iş beriji işgäriň zähmetini goramak hakynda adamyň saglygyny we işe ukyplylygyny üpjün edýän guramaçylyk, tehniki çäreleri geçirýär. Ýagny, işgärler üçin amatly, howpsuz zähmet şertlerini döretmek iş berijiniň esasy borçlarynyň biri bolup durýar. 

Işçileriň, gullukçylaryň zähmet kanunçylygynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän maddy jogapkärçiligi raýat hukugynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän maddy jogapkärçilikden düýpli tapawutlanýar. Has takygy, zähmet hukugy boýunça işgärleriň maddy jogapkärçiligi şu aşakdakylary özünde jemleýär: 

1. Ilkinji nobatda, zyýany töleýän adam şol zyýan ýetirilen edaranyň, kärhananyň, guramanyň işgäri bolmaly. 

2. Hakykatda gös-göni ýetirilen zyýan çäklendirilen möçberde töledilmäge degişli. 

3. Işgäriň günäsi bolmadyk halatlarda ýetirilen zyýan işgäre töledilmeli däl. 

4. Kadaly önümçilik töwekgelligi şertlerinde işgär ýetirilen zyýany töletmekden boşadylmaly. 

5. Ýetirilen zyýany töletmegiň ýörite düzgüni, çägi bellenilýär. 

Işçini, gullukçyny doly ýa-da çäklendirilen maddy jogapkärçilige çekmezden ozal zyýanyň nähili ýagdaýlarda we şertlerde dörändigini nazara almak hökmany talaplaryň biridir. 

Işgäriň maddy jogapkärçiligine hakykat ýüzünde ýetirilen zyýanlar girýär. Şeýle zyýanlara işgäriň jogapkärçiliginde duran emläklerde we beýleki maddy gymmatlyklarda çykan kemçilikler; emläkleriň zaýa ýa-da ýok edilmegi; emläkleriň gymmatynyň pese gaçmagy; öndürijiliksiz çykdajylar (jerime we ş.m tölegler) degişlidir. Emläk, zat zaýa edilende diňe ýetirilen zyýan töletdirilýär, alynjak bolnan peýda töledilmeýär. Hukuk kadalarynyň bozulmagy sebäpli ýetirilen zyýana işgäriň öz wezipe borçlaryny we içerki zähmet düzgün-nyzam şeýle hem başga kadalaşdyryjy hukuk namalary berjaý etmänligi ýa-da talabalaýyk berjaý etmänligi sebäpli ýetirilen zyýan degişlidir. 

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, zähmet hukugynda tölegiň möçberi çäklendirilen we doly jogapkärçilik esasynda kesgitlenilýär. Çäklendirilen maddy jogapkärçilik işçiniň, gullukçynyň iş hakynyň belli bir bölegi bilen kesgitlenilýär. Munda zyýanyň möçberi kesgitlenilende diňe hakykat ýüzünde ýetirilen zyýan nazara alynýar, giderilen peýda göz öňünde tutulmaýar. Işgäriň mejbury ýagdaýda işden galan wagty ýa-da pes zähmet hakly işi ýerine ýetiren wagty üçin hak tölenilendigi sebäpli edara, kärhana ýetirilen zyýany tölemek borjy bolsa, wezipeli adamyň üstüne ýüklenilýär. 

Işçileriň, gullukçylaryň öz günäsi bilen edara, kärhana ýetiren maddy zyýanlarynyň doly möçberde töledilmegine doly möçberde maddy jogapkärçilik diýilýär. Doly şahsy maddy jogapkärçilik bolsa, ýörite işgärlere (mysal üçin, hojalyk müdirine, hasapça) ulanylýar. Bu işgäriň doly maddy jogapkärçiligi onuň ýetirilen zyýanyny doly möçberde tölemek borjundan ybarat. Olar işe kabul edilende, wezipe borçlarynda ähli üstüne ýüklenilen maddy jogapkärçilik görkezilýär we ýazmaça şertnamalar baglaşylýar. 

Doly maddy jogapkärçilik çekýän işgär kärhananyň emlägine ýetirilen zyýan ýüze çykanda, zyýanyň ýetirilmeginde özüniň günäsiniň ýokdugyny subut etmäge borçly bolýar. Ýetirilen zyýany anyk işgäriň tölemegi hakynda çözgüt kabul edilmezinden öňinçä, iş beriji ýetirilen zyýanyň möçberini bellemek we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak üçin barlag geçirýär. Şeýle barlagy geçirmek üçin iş topary döredilýär. Işgärden zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklaýan, ýazmaça görnüşde düşündirişi talap etmegi hökmany hasaplanylýar. 

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek üçin ähli ykdysady, hukuk şertler döredilýär. Şeýlelikde, döwlet diňe bir eýeçiligiň görnüşlerini bellemän, eýsem, olaryň haýsydyr birine çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň ýol berilmezligini, olaryň deň derejedäki goragyny kepillendirýär. Şol sanda bu hukuklary durmuşa geçirmek babatda döwlet tarapyndan berilýän kepillikleriň berkidilmegine ýardam edýär. 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.